Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň we Türkmenistanyň prezidentleri Aşgabatda duşuşdy


Owganystanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň portretleri, Türkmenistanyň Ymamnazar serhet geçelgesinde, 28-nji noýabr, 2016

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy.

3-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde taraplar ýurtlaryň arasynda döreýän ähli dawalary we konfliktleri parahatçylykly ýoldan çözmäge ýykgyn edýändigini, halkara terrorçylyga, ekstremizme, bikanun neşe dolanyşygyna, we serhetaşyr jenaýatçylyga garşy göreş boýunça aragatnaşygyň dowam etdiriljekdigi mälim edildi diýlip, resmi maglumatlarda aýdylýar.

Habar berlişine görä, bu gepleşikleriň iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýene pugtalanmagyna tarap nobatdaky ädim bolmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda iki sany iri halkara proýekti amala aşyrylýar.

Türkmenistan uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gazgeçiriji proýekti arkaly Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar. 2015-nji ýylda düýbi tutulan umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryna barabar TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň 85%-ni maliýeleşdirmegi resmi Aşgabat öz üstüne aldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda TAT demir ýol proýekti amala aşyrylýar. Türkmenistan demir ýoluň öz giňişliginden geçýän 85 kilometrlik bölegini 2015-nji ýylyň noýabr aýynda jemledi we bu ýoluň dört kilometrden azyrak bölegini Owganystana çekmek işi 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda tamamlap, 28-nji noýabrda Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Täjigistana çekilmegi göz öňünde tutulýan demir ýol liniýasynyň birinji tapgyrynyň açylyşy boldy. Munuň yzýany Täjigistan öz giňişliginden geçmeli 50 kilometrlik bölegini we Owganystanyň üstünden geçjek bölegini maliýeleşdirmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny aýtdy.

Türkmenistan demir ýoluň öz territoriýasyndan geçýän bölegini öz hasabyna gurdy.

Aşraf Gani geçen gezek Aşgabada 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda bardy.

XS
SM
MD
LG