Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa raketasyny üstünlikli synandygyny aýdýar


Demirgazyk Koreýa “Hwasong-14” raketasynyň 2800 kilometr belentlige uçup, 39 minutdan soňra ýetmeli ýerine ýetendigini habar berdi.
Demirgazyk Koreýa “Hwasong-14” raketasynyň 2800 kilometr belentlige uçup, 39 minutdan soňra ýetmeli ýerine ýetendigini habar berdi.

Demirgazyk Koreýa täze kontinentara ballistik raketany üstünlikli synagdan geçirendigini we onuň dünýäniň islendik ýerini nyşana almaga ukyplydygyny aýdýar.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesi 4-nji iýulda “Hwasong-14” raketasynyň 2800 kilometr belentlige uçup, 39 minutdan soňra ýetmeli ýerine ýetendigini habar berdi.

Günbatarly ýarag ekspertleriniň aýtmagyna görä, 4-nji iýulda amala aşyrylan synagyň Demirgazyk Koreýanyň eden iň üstünlikli raketa synagy bolmagy mümkin.

Demirgazyk Koreýanyň bu synagy Birleşen Ştatlaryň islendik ýerini urmaga ukyply atom ýaraglaryny göteriji sistemalary öndürmek barada edýän synanyşyklarynyň iň soňkusy bolup durýar.

Günorta Koreýanyň harbylary raketanyň 930 kilometr aralygy arka atyp, Ýapon deňzinde Ýaponiýanyň ykdysady zonasynyň golaýynda suwa gaçandygyny aýtdylar. Bu bolsa orta aralyga niýetlenen ballistik raketa üçin gysga aralykdyr.

Ýapon hökümeti raketanyň 2500 kilometr belentlige uçandygyny tassyklady. Bu hem raketanyň Ýeriň atmosferasyna gaýtadan girmezden öň giňişlige aralaşandygyny aňladýar.

Ýaponiýanyň çaklamagyna görä, gürrüňi edilýän orta aralykly raketa synagy, ýöne ol kontinentara ballistik raketamy ýa däl, bu barada häzir barlag alnyp barylýar.

Amerikaly raketa alymy Deýwid Raýtyň bellemegine görä, aýdylýan wagt hem aralyk dogry bolsa, onda ol gaty güýçli bolmaly. Raýt raketanyň aşyp biljek iň uzak aralygynyň 6700 kilometr bolmagy mümkin diýýär.

Beýle bolan halatynda, ol Alýaska-da ýetip bilýär.

Amerikan resmileri synagyň kontinentara ballistik raketa däl-de, orta aralykly raketa meňzeýändigini aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Twitterde reaksiýa görkezip,“Günorta Koreýanyň ... we Ýaponiýanyň muňa mundan artyk çydap biljekdigine ynam etmek kyn” diýip ýazdy.

Tramp Demirgazyk Koreýanyň iň uly ýarany Hytaýy “Demirgazyk Koreýa agyr basyş etmäge we bu bolgusyz hereketleri hemişelik soňlamaga çagyrdy”.

Orsýetiň goranmak ministrligi amerikaly, ýaponiýaly we günorta koreýaly alymlaryň analizlerini ret edip, raketanyň diňe 535 kilometr belentlige ýetendigini, onuň Ýapon deňzinde suwa gaçmazdan öň 510 kilometrlik ýoly aşandygyny aýdýar.

Ýaponiýa bu synaga Birleşen Milletler Guramasynyň kararnamalarynyň gödek bozulmagy diýip, protest bildirdi.

Günorta Koreýanyň daşary işler ministri hem synagy Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň kararnamasyny we Demirgazyk Koreýanyň ýadrosyz ýurt bolmagy barada dünýä derejesinde edilýän talaby bozýan “oýlanyşyksyz” prowokasiýa diýip ýazgardy.

Raketa Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän howa meýdanyndan atyldy.

Demirgazyk Koreýa iýun aýynyň başlarynda hem birnäçe raketa atypdy. Häzirki synag “G-20” diýilýän we dünýäniň ösüp gelýän hem senagatlaşan 20 ýurdundan ybarat toparyň Germaniýanyň Hamburg şäherinde geçjek duşuşygyň öň ýanynda bolýar. Bu duşuşyga Günorta Koreýa we Ýaponiýa bilen birlikde olaryň günbatarly ýaranlary-da gatnaşaýarlar.

Sanlyja gün mundan ozal Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in Waşingtonda Tramp bilen duşuşyp, Demirgazyk Koreýa bilen mümkin gepleşiklere gapyny açyk saklamak boýunça ylalaşdylar.

Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlara çenli bolan aralygy arka atmaga ukyply raketalary öndürmek barada ençeme ýyl bäri iş alyp barýar.

XS
SM
MD
LG