Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ geňeşçisi Siriýadaky ýaraşyk sebitiň garaşýan 'möhüm ädimi' diýýär


Milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. McMaster
Milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. McMaster

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň howpsuzlyk geňeşçisi günorta-günbatar Siriýada güýje girizilmekçi bolýan ýaraşyk ahyrynda tutuş ýurtda parahatçylyk bolmagy üçin “möhüm ädim” diýdi.

Milli howpsuzlyk geňeşçisi H.R. McMaster 8-nji iýulda “ertir ýerli wagt bilen günortan Siriýanyň günorta-günbataryndaky de-eslakasiýa zonasy güýje girýär” diýdi.

Ol atyşyklary bes etmegi ABŞ üçin ileri tutulýan mesele diýip atlandyrdy we Tramp adminstrasiýasy “bu ylalaşyga gelmekde edilen progresden hyjuwlandy” diýdi.

"Birleşen Ştatlar (“Yslam döwletini”) ýeňmäge, Siriýadaky konflikti soňlamaga, çekilýän jebir-jepany azaltmaga hem-de adamlaryň öz öýlerine dolanmagyna kömek etmeklige ygrarly bolmagynda galýar. Bu ylalaşyk umumy maksatlara ýetmekde möhüm ädim bolup durýar” diýip, ol aýtdy.

Atyşygy bes etmek zonasyny girizmek karary 7-nji iýulda, Germaniýanyň Hamburg şäherinde, 20-ler toparynyň sammitinde yglan edildi we bu kararyň arkasynda ABŞ, Russiýa we Iordaniýa durýar.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýaraşygyň, “iordaniýalylar we amerikanlar bilen utgaşyklylykda”, rus harby polisiýasynyň gözegçiliginde boljakdygyny aýtdy.

Rus prezident Wladimir Putin 8-nji iýulda Hamburgda guralan metbugat ýygnagynda ýaraşygyň Birleşen Ştatlaryň öz pozisiýasyny üýtgetmegi we ol ýerdäki ýagdaý babatda has pragmatik pikirlenmegi netijesuinde mümkin bolandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson “bu ylalaşyk ABŞ bilen Russiýanyň Siriýada bilelikde işleşip biljeginiň ilkinji subutnamasy” diýdi.

Bu ýaraşykgünorta-günbatarda, Iordaniýa bilen serhet boýundakyDaraa, Sweida we Kuneitra sebitlerini öz içine alýar.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy ýaraşyk başlanmazyndan bir gün öň bu sebitde, Siriýanyň hökümet güýçleriniň Daraa sebitindäki iki obany çem geldik topa tutmasyndan başga, umuman asudalyk bolandygyny ýatdy.

Mundan aýratynlykda, alty ýyllyk raýat urşunda Siriýanyň prezidenti başar al-Assady goldan Russiýa Türkiýe we Eýran bilen hem Siriýada dört sany “de-eskalasiýa zonasy” diýilýän babatynda gepleşik geçirdi. Olaryň bu zonalaryň anyk ýagdaýy, haýsy güýçleriň gözegçiliginde bolmalydygy baradaky kararlary entek doly taýýar edilmedi.

Hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasynda şuňa meňzeş ýaraşyklara ozal hem araçylyk edildi.

Russiýa bilen Eýran Assady goldasa, ABŞ we Türkiýe Assadyň hökümetiniň garşysyna göreşýän dürli toparlary goldaýar.

Siriýadaky raýat urşy 2011-nji ýylda, Assad hökümete garşy protestleri güýç bilen basyp ýatyranda başlandy.

Bu uruş netijesinde 310 müňden gowrak adam öldürildi, millionlap adam öýünden bosdy.

XS
SM
MD
LG