Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Ok atyşygy bes etmek ylalaşygy birinji gün berjaý edilýär


Siriýanyň Aleppo şäheri, 5-nji iýul, 2017
Siriýanyň Aleppo şäheri, 5-nji iýul, 2017

Siriýanyň günorta-günbatarynda ok atyşygy bes etmek barada ABŞ-nyň we Orsýetiň araçylygynda gazanylan ylalaşyk birinji gün berjaý edildi diýip, gözegçi toparlar we gozgalaňçy söweşijiler aýdýarlar.

Britaniýada ýerleşýän Siriýada adam hukuklary boýunça topar günortan başlanan ýaraşygyň käbir bidüzgünçiliklere garamazdan, “umuman asudalykda” geçýändigini 9-njy iýulda aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň, Orsýetiň we Iordaniýanyň resmileriniň gatnaşmagynda gelnen “dartgynlylygy gowşatmak” boýunça ylalaşyk alty ýyl bäri graždan urşuna batan Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçlerini we ABŞ-nyň goldawyna daýanýan gozgalaňçylary bir-birine garşy zorlukdan saklamak maksadyny öz öňünde goýýar.

Ok atyşygy bes etmek ylalaşygy Siriýanyň Iordaniýa bilen serhedine golaý Daraa, Sweida we Kuneitra etraplaryna degişli.

XS
SM
MD
LG