Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýylyň birinji ýarymynda gaz önümleriniň önümçiligini artdyrandygyny aýdýar


Galkynyş gaz ýatagy
Galkynyş gaz ýatagy

Türkmenistan ýylyň birinji ýarymynda gaz kondensatynyň önümçiligini 5.1% artdyrandygyny mälim etdi.

10-njy iýulda ýurduň ýangyç energiýa toplumynyň işine baha berilip, geçirilen maslahatda yglan edilen resmi sanlara görä, nebitiň we gaz kondensatynyň önümçiligi boýunça plan 105.1%, tebigy gazyň önümçiligi boýunça 101.9% derejesinde dolupdyr we gazyň eksportunyň möçberi 103.2% artypdyr.

Mundan öň Türkmenistan gaz kondensatynyň önümçiliginiň şu ýylyň dört aýynyň dowamynda 108.2 % artandygyny yglan edipdi.

Şeýle-de maslahatda TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň kesgitlenen depgine laýyklykda amala aşyrylýandygy aýdyldy.

Türkmenistan uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gazgeçiriji proýekti arkaly Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar. 2015-nji ýylda düýbi tutulan umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryna barabar TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň 85%-ni maliýeleşdirmegi resmi Aşgabat öz üstüne aldy.

Şu günki gün Türkmenistan tebigy gazyny diňe Hytaýa satýar.

XS
SM
MD
LG