Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň ogly rus aklawçysy bilen duşuşygy barada kakasyna hiç zat “aýtmandyr”


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň uly ogly, Donald Tramp kiçi (Donald Trump Jr.).
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň uly ogly, Donald Tramp kiçi (Donald Trump Jr.).

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň uly ogly, Donald Tramp kiçi (Donald Trump Jr.) 2016-njy ýylyň iýun aýynda rus aklawçysy bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda, kakasynyň prezidentlik saýlaw kampaniýasyna peýdaly bolup biljek degerli maglumat edinmändigini we bu hakda hiç haçan kakasyna gürrüň etmändigini aýdýar.

Tramp 11-nji iýulda “Fox News” kanalyna beren interwiýusynda aklawçy Nataliýa Weselnitskaýa bilen bir hatarda “başga-da käbir orseýtliler bilen duşuşan bolmagynyň ahmaldygyny” kabul etdi. Ruslar bilen duşuşugyň kakasynyň dalaşgärligine rus hökümetiniň etjek kömeginiň çäginde geçilrilýändigi aýdylansoň Donald Tramp kiçi, 2016-njy ýylyň iýun aýynda rus aklawçysy bilen görüşipdir.

Ýöne ol saýlawlara täsir ýetirmek üçin ýa-da kakasynyň demokrat garşydaşy, öňki döwlet sekretary Hillari Klintona zeper ýetirmek üçin ruslar bilen hyzmatdaşlyga synanyşmandygyny berk nygtady.

Tramp Weselnitskaýa bilen duşuşygy hakda kakasyna gürrüň etmändigini, sebäbi “aýdara hiç zadyň bolmandygyny” aýtdy.

Ol: “Munuň özi yrýa edilen 20 minutlyk duşuşyk boldy. Meniň üçin bu oppozisiýa barada maglumat gözleginden ybarat duşuşykdy ”, diýdi. Tramp duşuşykdan Klintonyň garşysyna “saldamly subutnama” tama edendigini hem aýtdy.

“Eger-de wagty yza saramaga mümkinçilik bolanda men käbir zatlary başgaçarak ederdim”, diýip Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

Kongresiň käbir agzalary Trampyň 11-nji iýulda öz ýaýradan elektroniki hatlaryna-da salgylanyp Weselnitskaýa bilen geçirilen duşuşygy “Russiýa bilen ‘dildüwşükli ylalaşygyň’ alamatyna goşant”, diýip aýypladylar.

Demokrat senator Ron Waýden, “Elektron hatlardanam görnüşi ýaly Trampyň ogly amerikan demokratiýasyny agdarmak üçin duşmançylykly güýç bilen dildüwşükli hyzmatdaşlyk etjek bolupdyr”, diýdi.

Tramp aýyplamalary “bolgusyzlyk” we “çişirilen” diýip häsiýetlendirdi.

Prezident Tramp 11-nji iýulda Twitter hasabynda ogluny “öz watanyny söýýän ajaýyp adam” diýip taryplady.

Senatdaky respublikanlar bolsa tabynlyga garaşly. Senatyň Köplük lideri Miç MacKonnel (Mitch McConnel) özüniň Senatda alnyp barylýan derňewler netijelenip “bolan zatlaryň anygyna ýetilýänçä” garaşjakdygyny aýtdy. Aňtaw komitetiniň agzasy, meýnli respublikan senator Sýuzan Kollins ýaýylýan elektroniki hatlar “ýagdaýyň diňe belli bir bölegi”, diýdi

Weselenitskaýa bilen duşuşyk we elektron hatlar ruslaryň ABŞ-daky kampaniýalara gatyşmaga belli bir derejede işjeň synanyşandygyny görkezýän subutnamalary güçlendirýär. Ýanwar aýynda Birleşen Ştatlaryň aňtaw toparlary hasabat ýaýradypdy. Hasabatda Moskwanyň saýlawlara gatyşmak üçin kiber giňişlikde we propaganda arkaly çäre alyp barandygy aýdylyp Moskwanyň ikuçsyz günälidigi mälim edilipdi.

Şondan bäri Kongresiň binýadyndaky birnäçe komitet dürli derňewlere girişip “rus gatyşygyny” barlaýar.

Bu aralykda, “Trampyň adamlary, şol sanda Manafort, rus remileri bilen oňaýsyz gatnaşyk sakladymy” diýen sorag boýunça FBI iýul aýynda jenaýat işi gozgady. Ýöne maý aýynda Tramp derňewi alyp barýan Jeýms Komiýni wezipeden boşadyp, soňundanam rus resmileriniň ýanynda derňewi göz öňünde tutup “ýeňläýdik” diýip öwnüpdi.

Munuň yzýany turan galmagal Adalat departamentini derňewi alyp barmak üçin ýörite prokuror bellemäge mejbur etdi.

Tramp kiçiniň aklawçysy Alan Futerfas 10-njy iýulda beýanat ýaýradyp, öz müşderisniň hiç hili gabahatynyň ýokdugyny we onuň derňewçiler bilen hyzmatdaşlyk etmegi wada berendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG