Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Wekiller palatasynyň spikeri “güýçli we dogumly” sanksiýalaryň tarapdary, Ak tam muňa garşy


Birleşen Ştatlaryň Wekiller palatasynyň spikeri Pol Raýan

Birleşen Ştatlaryň Wekiller palatasynyň spikeri Pol Raýan Russiýa garşy “güýçli hem-de dogumly” täze sanksiýalary göz öňünde tutýan kanun taslamasynyň mümkingadar gysga wagtda durmuşa geçirilmegini isleýär, ýöne prezident Donald Trampyň administrasiýasy täze kanun taslamasynyň öz hukuklaryny bozýandygyny öňe sürüp, muňa garşy çykýar.

Agazlaýan kanun taslamasy geçen aý Senatda geçirilen sala salyşykda 98 agzanyň goldamagynda we 2 agzanyň garşy çykmagynda kabul edilipdi. Ak tam bolsa bu taslama Russiýa bilen iş salyşmakda; sanksiýalar babatda geljekgi syýasaty ýola goýmakda we degişli düzedişleri girizmekde Trampyň goluny baglaýar diýýär.

12-nji iýulda Raýan “Men Russiýa garşy berk pozisiýanyň tarapdary. Biz Russiýa garşy sanksiýalary göz öňünde tutýan kanun taslamasyny durmuşa geçirmek isleýäris” diýdi.

Tramp Russiýa bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmagy umyt edýändigini ýaňzydanam bolsa, respublikanlary we demokratlary öz içine alýan köp sanly kanun çykaryjylar, prezidentden tapawutlylykda, Moskwa garşy has berk pozisiýanyň saklanmagynyň tarapdary.

Raýanyň eden çykyşyna garamazdan, demokratlar Raýanyň we onuň respublikan kärdeşleriniň Tramp administrasiýasyna gowy görünmek üçin kanun taslamasyny gijikdirýandiklerini aýdyp aladalanýarlar.

Daşary gatnaşyklar komitetinde ýokary wezipeli demokrat senator Ben Kardin we beýleki kanun çykaryjylar, Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň oglunyň russiýaly aklawçy bilen duşuşmagy we munuň aýan edilmezligi Russiýa garşy täze sanksiýalary girizmäge girişmegiň nä derejede möhümdigini görkezdi diýýärler.

2016-njy ýylyň iýun aýynda prezidentiň oglunyň, prezidentlik saýlawlarynda dalaşgär Hillari Klintonyň garşysyna zyýanly maglumata eýe bolup, rus hökümetine işleýändigi aýdylýan biri bilen duşuşygynyň äşgär edilmegine salgylanyp, Kardin “Donald Tramp kiçi bilen bagly wakalar Russiýanyň nähili iş alyp barandygyny görkezýär” diýdi.

Gürrüňi edilýän kanun taslamasy Senatda biragyzdan diýlen ýaly goldananam bolsa, ol Wekiller palatasynda bökdelýär. Bökdençligi Raýan syýasy we prosedura meseleleri diýip düşündirýär.

Raýan “Edil häzir biziň prosedura meselelerimiz bar. Şeýle-de, russiýaly oligarhlara we nebit kompaniýalaryna tötänden ýardam berildigi bolaýmasyn diýip, käbir syýasy meseleleriň üstünde işleýäris” diýdi.

Raýana kanun taslamasyndaky energiýa bilen bagly sanksiýalara käbir amerikan kompaniýalaryň garşydygy aýdylypdyr. Nebit-gaz kompaniýalary “Taslama Russiýanyň [energiýa] bähbitlerine peýdaly bolup, Birleşen Ştatlaryň işewürlerine oňaýsyz täsir eder”, diýýärler

Konstitusiýanyň talaplaryna laýyklykda, hökümetiň girdejilerini artdyrýan islendik kanun taslamasy Wekiller palatasyna esaslanmaly. Bu bolsa agzalýan taslamanyň öňünde prosedura meseleleri boýunça iň esasy bökdençligi döredýär.

Kongresiň geňeşçileri “gürrüňi edilýän kanun taslamasy ýaly gaýry ýurtlara garşy girizilýän sanksiýalar ýa-da jerime çäreleri Birleşen Ştatlaryň hökümet girdejilerine täsir edişlik hökmünde kabul edilip bilner” diýýärler.

Demokratlar bu meseläniň hötdesinden gelmek üçin Wekiller palatasynda täze, ýöne birmeňzeş kanunyň üstünde işläp biljekdiklerini aýdýarlar. Bu kanun bilen Konstitusiýanyň “girdejiler Wekiller palatasyna esaslanmaly” diýen talaby gideriler, soňra Senata ugradylar.

15-nji iýun güni Senatda, Russiýanyň Birleşen Ştatlarda geçirilen saýlawlara gatyşandygynyň öňe sürülýändigini we beýleki käbir meseleleri nazarda tutup, Russiýa garşy täze, has güýçli sanksiýalary girizmek üçin 98 agzanyň goldamagynda we 2 agzanyň garşy çykmagynda ses berişliklik geçirildi. Täze sanksiýa boýunça kabul edilen kanun taslamasy Eýrana garşy girizilmeli sanksiýalary-da öz içine alýar.

10-nji iýulda Ak tamyň ýokary wezipeli resmisi, gelejekde giriziljek ýa-da gowşadyljak sanksiýalarda prezidentiň gözegiçligi çäklendirilmez ýaly, administrasiýanyň agzalýan kanun taslamasyna üýtgeşiklik girizmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Ak tamyň kanunçylyk boýunça direktory Mark Şort habarçylara administrasiýanyň Russiýa we Eýrana garşy giriziljek täze sanksiýalary goldaýandygyny, ýöne sanksiýalar babatda Kongresiň ygtyýarlylygynyň artdyrylmagyna garşydygyny aýtdy.

Teklip edilýän düzgünde, eger-de prezident Doland Tramp Moskwa garşy girizilen jezalary ýeňletmek ýa-da soňlandyrmak islese, Kongrese salgylanmaly bolar.

Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) başlygy Maýk Pompeo hem ýokary derejeli bir respublikan kanun çykaryjynyň ýanynda Russiýa garşy sanksiýalary göz öňünde tutýan taslamanyň “öz iş ukybyny çäklenderýändigini” aýdyp, gürrüň edipdir.

Birinji bolup döwlet sekretary Reks Tillerson agzalýan kanun taslamasyna nägilelik bildiripdi. Ol özüniň geçen aý eden şaýatlyk çykyşynda “Russiýa bilen diplomatiki gatnaşyklaryň yzygiderli örňemegi, Trampda sanksiýalary sazlamak hukugynyň saklanyp galmagyna zerurlyk döredýär” diýdi.

Demokratlar respublikanlaryň taslamany bökdemek synanyşyklary olaryň Trampyň administrasiýasyna gowy görünmek üçin sanksiýalary ýeňletmäge girişmekligidir diýip aladalanýarlar we kanun taslamasyny gowşatjak islendik synanyşyga garşy çykarýarlar.

“Meniň pikirimçe, prezidentiň partiýasynyň ony ýokary gözegçilikden gorajak bolmagy ýurdumyz üçin oňyn syýasat däl. Aslynda bu ýagdaý ýurdumyz üçin howply bolup biler” diýip, merilendli wekil Steni Hoýer aýtdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG