Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň sudy Trampyň syýahat çäklendirmesine garşy karar çykardy


Donald Tramp esasan musulman ilatly alty ýurduň raýatlarynyň ABŞ syýahatçylygyny çäklendirmek hakynda permana gol çekýär, Waşington, 27-nji ýanwar, 2017
Donald Tramp esasan musulman ilatly alty ýurduň raýatlarynyň ABŞ syýahatçylygyny çäklendirmek hakynda permana gol çekýär, Waşington, 27-nji ýanwar, 2017

ABŞ-nyň sudy 13-nji iýulda Trampyň administrasiýasynyň esasan musulman ilatly alty ýurduň raýatlary bolup, ABŞ-da garyndaşy bar adamlaryň syýahat etmegine girizen çäklendirmesine garşy karar çykardy.

ABŞ-nyň etrap sudýasy Derrik Watson ABŞ-da atasy ýa mamasy, daýysy, daýzasy we beýleki garyndaşlary bar bolan adamlara ýurda barmaga rugsat berilmelidigini aýtdy.

Trampyň Eýranyň, Siriýanyň, Somaliniň, Liwiýanyň, Ýemeniň we Sudanyň raýatlary we bosgunlary üçin 90 günlük gadagançylygyny girizmek hakyndaky permanyna rugsat bermek hakynda Baş suduň çykaran kararyna gaýtadan garamagy sudýa Watsondan ABŞ-nyň Hawaii ştaty sorady.

Trampyň administrasiýasynyň Baş suduň kararyndan çykaran netijesine görä, agzalan alty ýurduň raýatlary ABŞ-da diňe ene-atasy, adamsy ýa aýaly, çagalary we doganlary bolan ýagdaýda ýurda baryp bilýärler.

Sudýa Watson Trampyň administrasiýasynyň ýakyn garyndaşlyk hakynda örän çäkli netije çykarandygyny we aslyýetinde atanyň hem mamanyň ýakyn garyndaşlar hasaplanylýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG