Russiýanyň günbataryndaky Kalinigrad ekslawasynyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan Oleg Alekseýew, haçan-da geçen aý regionyň paýtagtynda korrupsiýa garşy ýöriş geçirmek üçin resmi rugsatnama sorandan soň kyn güne galandygyny gürrüň berýär.
Alekseýew rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň tarapyny tutýar. Nawalnynyň ýolbaşçylyk etmeginde ýurduň dürli künjeklerinde geçirilen protestler, Moskwada we beýleki şäherlerde giň gerimli tussag edişlige ýol açdy. Alekseýewiň talap edýän ýörişi hem Nawalnynyň protest çäreleriniň çäginde geçirildi.
12-nji iýunda geçirilmeli demonstrasiýalardan 4 gün öň, şäheriň Emmanuel Kant adyndaky Baltik Federal uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby, 21 ýaşly Olegi protestden dändirmäge synanyşan profesor gürrüňdeşlige çagyrýar.
Alekseýew gürrüňdeşligi ýazga alyp media serişdelerine syzdyrýar. Ses ýazgyda, uniwersitetiň hukuk bölüminiň müdiri, gadagan edilmedik protestlere gatnaşyp, “bagyryp özüňi subut etjek bolmak korrupsiýa bilen göreşmek hasaplanmaýar” diýip duýdurýar.
Şeýle-de, ses ýazgyda professor Oleg Zaýaçkowskiý Alekseýewe ýüzlenip “Mysal üçin, sen mundan ozal geçirilen ýörişlere gatnaşyp ‘biz korrupsiýa bilen göreşmeli’ diýip bagyransoň, hany, näme üýtgedi? Näme üýtgedi? Hiç zat. Düýbünden hiç zat üýtgemedi” diýişini eşitmek bolýar. Agzalýan ses ýazgynyň bir nusgasy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen Amerikanyň sesi (VOA) kanalynyň bilelikde ýöredýän “Current Time TV” telekanalyna gelip gowuşdy.
Ýygnaga şahsyýeti anyklanmadyk başga-da iki adam gatnaşypdyr. Alekseýew olar kanun goraýjy edaralaryň işgärleridir diýip pikir edýär.
Ýöne barybir 12-nji iýun güni Alekseýew egindeş protestçileri bilen merkezi Kaliningradda köçä çykdy. Üstesine, olaryň şäher merkezinde ýöriş geçirmek üçin ýüz tutan arzalary hem kabul edilmändi. Alekseýew bilen bile onlarça protestçi, ýygnanyşmak özleriniň konstitusion hukugydygyny aýdyp aýak diränem bolsalar, tussag astyna alyndylar.
Akekseýew soňlugy bilen boşadyldy. Bu mesele boýunça tä geçen hepdä çenli uniwersitetden hiç hili habar bolmandyr. Geçen hepde bolsa ýokary okuw jaýynyň resmileri ondan özüniň tussaglygy barada, şeýle hem syzdyrylan ses ýazgy sebäpli düşündiriş talap edipdirler. Ses ýazgynyň okuw jaýynyň abraýyna şikes ýetirendigi öňe sürlüdir.
11-nji iýul güni oňa özüni “bidüzgünçilikli alyp barmakda,jemgyýetçilik ýerlerinde kanuny we kazyýetleri hormatlamazlykda” aýyplanyp okuwdan çykarylandygyny habar berýän resmi hat gelip gowşupdyr.
Protest syýasaty
Alekseýewiň dawasy, rus okuwçylary bilen mugallymlaryň arasynda oppozisiýa protestleri bilen baglylykda ýüze çykyp, ýurduň dürli künjünde gyzyklanma döreden dikleşikleriň diňe biridir.
Birnäçe regionlarda, orta mekdebiň okuwçylary we ýokary okuw jaýlarynyň talyplary öz mugallymdyr ýolbaşçylarynyň korrupsiýa garşy protestler barada garamagyndakalara käýeýän sahnalaryny görkezýän ýa-da eşitdirýän wideodyr ses ýazgylary syzdyrdylar. Nawalnynyň baştutanlygynda geçirilen protestlerde ýaş adamlar möhüm rol oýnadylar.
Kremliň töhmetçileri resmileri, rus prezidenti Wladimir Putine hem-de onuň hökümetine tankydy garaýan ýaş adamlary syýasy aktiwizmden üzňe saklap olary gorkuzmak üçin ýurduň bilim sistemasyny ekspluatasiýa etmekde aýypladylar.
Bu aralykda, ýokary derejeli rus resmileri hökümetiň, Putiniň 17 ýyllyk syýasy hökmürowanlygynda önüp-ösen internete ökde ýaşlaryň durmuşyna aralaşyp bilmeýändigi üçin aladalanýandyklaryny jemgyýetçiligiň öňünde aýdýarlar.
Korrupsiýa garşy göreşiji Nawalna wepaly ýaşlar eýerýär. Ol öňümizdäki ýyl Putine ýene-de alty ýyllyk möhleti gapdyrmazlyk üçin, prezidentlige dalaş edýär. Ýöne häkimiýetler jenaýat aýyplamalaryna esaslanyp onuň dalaşgärligini ýatyrmagy gaty mümkin. Nawalnynyň tarapdarlary gozgalan jenaýat işleriniň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.
Alekseýew özüniň syýasy işjeňligi sebäpli okuwdan çykarylandygyny aýdýar. Ýöne onuň okuw jaýy Alekseýewiň okuwdan çykarylmagyny, onuň alan pes bahalary, gatnaşmadyk sapaklary we bedenterbiýe sapagyny geçmek üçin töleg synanyşygy bilen baglanyşdyrýar.
“Gynansagam, gatnaşyjylarynyň biriniň ‘ýüze çykarmagynda’ peýda bolan patalogik bähbitler, beýlekileri syýasatyň ýok ýerinde syýasat gözlemäge iterýär”, diýip agzalýan ýokary okuw jaýy 12-nji iýul güni özüniň Facebook sahypasynda ýaýradan beýanatynda belleýär.
Beýanat 12-nji iýun güni geçirilen protest sebäpli dörän düşünişmezlige-de salgylanyp, onda Alekseýew professor bilen bolan gürrüňdeşligi “ýoýmakda”, şeýle-de “halky bikastlaýyn administratiw normalary bozmaga çagyrmakda” tankytlanýar.
Beýanatda ýokary okuw jaýynyň öz talyplarynyň “syýasy garaýyşlaryny beýan etmeklerine ýa-da olaryň ýurduň jemgyýetçilik durmuşyndaky wakalara gatnaşmaklaryna hiç hili gatyşmaýandygy” hem aýdylýar.
Syýasy garaýşy sebäpli okuwdan çykaryldymy?
Alekseýew özüniň okuwdan çykarylmagy barada uniwersitetiň aýdýan gürrüňleri bilen ylalaşmaýar. Ol bedenterbiýe sapagy bilen ilteşikli mesele boýunça özüniň bireýýäm ötünç sorandygyny we ýagdaýy boýun alyp, bu işiň bireýýäm ýapylandygyny aýdýar. Şeýle-de, onuň sözlerine görä, ýokary okuw jaýy geçen aýda geçirilen oppozisiýa protestlerinden ozal bu meseläni gozgamandyr.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwiýusynda Alekseýew “Bar zat men şol ýörişi gurnamak barada arza ýazansoň başlady. Uniwersitetiň aýdýan zatlarynyň gozgaýan meselerlerine hiç hili dahyly ýok”, diýdi.
Gürrüňi edilýän dawa-jenjel moskwaly resmileriňem ünsüni özüne çekýär. Russiýanyň Bilim ministrliginiň metbugat wekili Andreý Ýemelýanow 13-nji iýulda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna elektron hat arkaly iberen beýanatynda, Alekseýewiň okuwdan çykarylmagynyň barlanjakdygyny aýdýar.
Ýemelýanow “Syýasy garaýyşlar talybyň okuwdan çykarylmagyna esas bolup bilmez”, diýdi.
Alekseýewe wekillik edýän aklawçy Aleksandr Dobrowolskiý AÝ/AR bilen gürrüňdeşlikde, müşderisi bilen bilelikde, bu meselesiniň yzyna düşmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.
“Eger-de ol işjeň bolmadyk bolsady, ýa-da has oňuşarlykly syýasy garaýyşlara eýe bolan bolsady okuwdan çykarylmazdy”, diýip Dobrowolskiý aýtdy.