Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrow HBO söhbetdeşliginde gomoseksuallary näletleýär


Çeçen lideri Ramzan Kadyrow ýolsuz ýeriň awtoulagyny synaýar.
Çeçen lideri Ramzan Kadyrow ýolsuz ýeriň awtoulagyny synaýar.

Çeçen lideri Ramzan Kadyrow HBO telewizion kanaly bilen söhbetdeşlikde Birleşen Ştatlaryň Russiýa duşman bolardan has gowşakdygyny aýtdy we ýene bir gezek Demirgazyk Kawkaz respublikasynda geý ýokdugyny tekraralady. Bu söhbetdeşlik 14-nji iýulda YouTube-de çap edildi.

"Amerika Russiýa, ýurduň ýolbaşçylaryna garşy syýasat alyp barýar" diýip, Kadyrow aýtdy. "Olar meniň öz ömrümi Russiýa üçin gurban bermäge taýýardygymy hem-de mende hüjüme we goranyşa ukyply gowy goşunyň bardygyny bilýärler. Biz bu zatlaryň kim üçin nähili boljagyny göreris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Haçanda siz Birleşen Ştatlary Russiýanyň duşmany diýip hasaplaýarsyňyzmy diýlip soralanda, Kadyrow: "Amerika biz üçin Russiýa duşman hasaplanar ýaly beýle güýçli döwlet däl. Biziň güýçli hökümetimiz bar we biz ýadro ýaragly döwlet” diýip jogap berdi.

"Eger biziň hökümetimiz doly dargadylsa-da, biziň ýadro ýaragly raketalarymyz awtomatiki ýagdaýda işe giriziler” diýip, ol aýtdy. “Biz tutuş dünýäni dyzyna çökereris.”

Bu söhbetdeşlik HBO-nyň “Hakyky Sport” (Real Sports) gepleşiginiň žurnalisti Deýwid Skot (David Scott) tarapyndan geçirildi, ol Grozna Kadyrowyň garjaşyk söweş sungaty programmasy barada film taýýarlamaga bardy (Bu gepleşik tutuşlygyna 18-nji iýulda efire berler).

Çeçenistanda gynalandygy aýdylýan geý erkekler barada soralanda, Kadyrow: "Bu bir boş gürrüň. Bizde beýle adamlar ýok. Biziň hiç bir geýimiz ýok. Eger bu taýda käbiri bolsa, haýyş edýärin, olary Kanada alyp gidiň. Alla şükürler bolsun, olary bizden daşraga äkidiň, olar bärde bolmasyn. Biziň ganymyzy saplamak üçin, eger-de bärde bar bolsa, äkidiň olary” diýip, ol aýtdy.

Kadyrow gynaldym diýýän ýaş erkekler babatda hiç hili alada etmeýändigini hem sözüne goşdy.

"Olar arwah. Olar satlyk. Olar adam däl. Olary, bizi aýyplaýanlary üçin, hudaý näletledi. Olar munuň üçin gudraty güýçli biribara jogap bermeli bolarlar” diýip, ol aýtdy.

Adam hukuklary toparlary we Günbatar döwletleri Kremli Çeçenistanda geýleriň süteme sezewar edilýändigi barada aýdylýanlary derňemäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG