Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda iki ýarym müňden gowrak maşgala täze jaý aldy


Aşgabatda ýylylan jaý
Aşgabatda ýylylan jaý

Aşgabadyň Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 68-si ulanmaga berildi.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 2 müň 540 öýden ybaratdygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, bu jaýlarda iki otagly öýleriň 736-sy, üç otagly öýleriň 1168-si, dört otagly öýleriň bolsa 636-sy ýerleşdirilip, olarda döwrebap ýaşaýyş şertleri döredilen.

Şeýle-de TDH Aşgabadyň “Parahat-7” etrapçasynda birbada 800 orunlyk bäş sany çagalar bagynyň açylandygyny habar berýär.

Emma habarda ýaşaýyş jaýlarynyň maşgalalara nähili esasda berlendigi, bu hili jaýlary nähili alyp bolýandygy, şeýle-de olaryň bahasy barada maglumat berilmeýär.

Aşgabatda soňky ýyllarda dürli gurluşyk proýektleri bilen baglylykda köp jaý ýykyldy we ýaşaýyş jaýlarynyň bahalary onlarça esse gymmatlady.

Şol bir wagtda ýurtda ykdysady kynçlyklar dowam edýär we işsizlik, aýlyklaryň azlygy zerarly daşary ýurtlardan iş gözleýänleriňsanynyň barha artýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG