Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MH17: Pida bolanlaryň hossarlary heläkçiligiň üçünji ýyldönümini hatyralaýar


Golland şasy Willem-Aleksandr bilen şa zenany Maksima
Golland şasy Willem-Aleksandr bilen şa zenany Maksima

Ýolagçy uçarynyň gowgaly gündogar Ukrainada urlup ýykylmagynyň üçünji ýyldönüminde heläkçilikde pida bolanlaryň hatyrasyna Gollandiýada gurlan ýadygärligiň açylyşyna, pida bolanlaryň 2 müňden gowrak dogan-garyndaşynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

17-nji iýulda golland şasy Willem-Aleksandr bilen şa zenany Maksima Amsterdamyň Skipol aeroportynyň golaýyndaky “Waýjfhizin” (“Vijfhuizen”) parkynda gurlan ýadygärlige, başga-da halkara resmileriň gatnaşmagynda, MH17 heläkçiliginiň pidalaryna bagyşlamak çäresine gatnaşarlar.

Çärede 2014-nji ýylyň 17-nji iýul güni Skipoldan Kuala Lumpura uçan Malaziýa howaýollaryna degişli MH17 reýs belgili uçaryň urlup ýykylmagynda pida bolan ekipažyň we 298 ýolagçynyň maşgala agzalary heläkçilige uçran dogan garyndaşlarynyň atlaryny okar.

Heläk bolan ýolagçylaryň aglaba bölegi golland raýatlary bolsa-da, uçaryň bortunda awstraliýalylary, britaniýalylary, malaziýalylary we indoneziýalylary hem öz içine alýan 17 milletden ýolagçy bardy.

283 ýolagçynyň we 15 ekipaž agzasynyň her haýsynyň adyna ýaşyl lentajygyň şekilinde jemi 298 agaç oturdyldy.

Guramaçylar oturdylan agaçlary “diri ýatlama” atlandyryp, olaryň töweregini gurşajak günebakarlar iýul aýynda agaçlaryň oturdylan ýerine “altynsow şöhle saçar” diýdi.

Gürrüňi edilýän uçar Ukrainanyň hökümet güýçleri bilen Russiýanyň goldamagyndaky seperatistleriň arasynda urşuň turmagyndan birnäçe aý soň urlup ýykylypdy. Moskwanyň başly-baratlyga gyjalat bermegi bilen seperatistler Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk we Lugansk regionlarynyň käbir ýerlerini ele geçirdiler. Uruşda 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri, seperatistleriň gözegçiligindäki Donetsk regionynda urlup ýykylan MH17 uçarynda heläk bolan ýolagçylary we ekipažy hem goşanda, jemi 10 müňdenem gowrak adam wepat boldy.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda halkara derňew topary, ýolagçy uçary Russiýada öndürilen “Buk” raketa sistemasy bilen partladyldy diýen netijä geldi. Agzalýan raketa sistemasy Ukraina Russiýadan getirilipdir we heläkçiligiň yzýany gizlinlikde yzyna, Orsýete geçirilpdir. Halkara derňew topary raketanyň seperatisleriň eýeçiligindäki territoriýadan atylandygyny aýdýar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini 17-nji iýulda ýaýradan beýanatynda, uçaryň partladylmagy bilen bagly dowam edýän derňewleri ÝB-niň “doly goldaýandygyny” ýene-de bir gezek nygtady we “derňewçileriň öz işlerini garaşsyz we jikme-jiklikde alyp baryp tamamlamaklary zerur bolup durýar” diýdi.

Russiýanyň beýleki zerurlyklar bilen bir hatarda seperatistleri goldap ýarag we goşun ugradandygyny görkezýän uly göwrümli subutnamalara garamazdan, Russiýa gündogar Ukrainadaky urşa özüniň goşulyşýandygyny inkär edýär. Russiýa MH17-niň partladylmagyna özüniň ilteşigini görkezýän subutnamalara ikirjiňli çemeleşilmegini gazanmak üçin gaýta-gaýta synanyşýar.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko özüniň Twitter hasabynda “Biz üç ýyl mundan ozal rus raketasy ýüreklerine sünjülen 298 bigünä pidanyň öňünde baş egýäris” diýip ýazyp, “MH17: Ukraina ýatlaýar” diýen sözler bilen partladylan uçaryň suratyny paýlaşdy.

Poroşenko sözlerini “Biz golland adalatynyň obýektiwligine we jenaýaty planlaşdyranlaryň hem-de ony ýerine ýetirenleriň jogapkärçilige hökman çekiljekdiklerine ynanýarys” diýip dowam etdi.

16-njy iýul güni heläkçilikde pida bolanlaryň garyndaşlaryndan düzülen 15 adamlyk topar Russiýanyň Gagadaky ilçihanasynyň öňünde demonstrasiýa geçirdi. Olar Moskwanyň derňewlere böwet bolmak synanyşygyny “weýrançylyk” atlandyryp protest bildirdiler.

Demonstrantlar ilçihananyň öňünde “Jogapkärçilige we doly paş edişlige garaşýarys” diýen ýazgyly plakat bilen protest bildirdiler.

Awstraliýanyň daşary işler ministri Julie Bişop Orsýeti güman edilýän jenaýatçylary jezalandyrmak üçin, täze inisiatiwalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

16-njy iýul güni beren interwýusynda Bişop Russiýany BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Awstraliýanyň awtorlygyndaky 2166 belgili rezolýusiýasyna ygrarly galmaga çagyrdy.

Bişop: “Şol rezolýusiýada jenaýatçylaryň adalat öňünde jogap bermegini gazanmak üçin, ähli döwletleriň hyzmatdaşlyk etmegine çagyryş edilýär” diýdi. Ministr güman edilýänleriň gaýybana suda çekilmeginiň ahmaldygyny hem mälim etdi.

Häzire çenli güman edilýänlerden tussag edilen bolmady. Golland häkimiýetleri bu waka bilen bagly islendik sud diňlenişiginiň Gollandiýada geçirilip bilinjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG