Sepleriň elýeterliligi

General Dostumyň wekili onuň uçarynyň Mazare-Şerifde gondurylman, Türkmenistanda gonandygyny ret edýär


Abdul Raşid Dostum

Owganystanyň birinji wise-prezidenti Abdul Raşid Dostumyň adminstrasiýasy general Dostumyň uçarynyň demirgazyk Owganystandaky Mazere-Şerif şäherinde gondurlman, soňra Türkmenistanda gonmaly bolandygyny ret edýär.

18-nji iýulda Türkiýede saglygyna seretdirýän general Dostumyň bir gije ozal Owganystana gelmäge synanyşandygy, emma onuň münüp gelýän uçarynyň Balh welaýatynyň merkezinde gonmagyna rugsat berilmändigi barada habar ýaýrady.

Azatlygyň Owgan gullugy bilen adynyň aýdylmazlyk şertinde gürleşen ynamdar çeşmeler bu maglumaty tassyk etdi. Olaryň tassyklamaklaryna görä, NATO-nyň düzüminde Gunduzda, goňşulykda ýerleşýän nemes harbylary uçaryň gonmagyna päsgel beripdirler.

NATO güýçleriniň Owganystandaky adminstrasiýasy bu maglumaty ret etdi. "Gunduzdaky german goşunlary Owganystanyň birinji wise-prezidenti Dostumyň uçarynyň Mazare-Şerifde gonmagynyň öňüni almady” diýip, duşenbe güni çap edilen beýanatda aýdylýar.

“Owganystanyň içerki hökümet işlerine goşulyşmak Aýgytly goldaw missiýasynyň işi däl” diýip, NATO-nyň beýanatynda aýdylýar.

Bellemeli ýeri, bu beýanat diňe “Sputnik” neşiriniň iňlis dilindäki saýtynda çap edildi.

NATO-nyň Owganystandaky missiýasynyň wekilleri Azatlygyň Owgan gullugy bilen söhbetdeşlikde bu temadan hiç bir goşmaça düşündiriş bermediler. Haçanda “Sputnigiň” çap eden beýanatyna salgylanyp bilerismi diýlip soralanda bolsa, “Bu siziň öz işiňiz, biz bu temadan gürleşmek islemeýäris” diýip jogap berdiler.

Şol bir wagtda, Azatlygyň diplomatik kanallara ýakyn çeşmesi 17-nji iýul agşamy general Dostumyň münen uçarynyň Türkmenistanyň gündogaryndaky Mary welaýatynda gonandygyny aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, owgan wise-prezidenti türkmen topragynda birnäçe sagat bolupdyr.

General Dostumyň Owganystandaky ştabynyň başlygy Inoýatulloh Bobur Farahmand Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Dostumyň Ankaradan Owganystana uçup gelende, uçarynyň gondurylmandygy barada çykan habarlar nädogry diýdi.

Biraz öň Owganystanyň Tolo habar gullugy Dostumyň uçarynyň Mazare-Şerifde gonmagynyň öňüniň alnandygyny habar berdi. Berilýän habarlara görä, Dodstumyň uçary ilki Mazare-Şerifde gondurylman, Kabula tarap ugradyldy we ahyrsoňunda goňşy Türkmenistanda gonmaly boldy. Emma bu habar hem tassyklanmady.

General Dostum geçen ýylyň aýagynda, syýasy garşydaşy Ahmad Işçi ony özüni alyp gaçdyrmakda, gynatmakda we zorlatmakda aýyplaly bäri, barha güýçlenýän derňew astynda galýar.

“Pajhwok Afghan News” neşiri geçen hepde general Dostumyň garşysyna gozgalan jenaýat işiniň suda geçirilendigini habar berdi.

Wise-prezident Abdul Raşid Dostum maý aýynda, oňa bildirilen aýyplamalar derňelýän wagtynda, emma günä bildirilmänkä Kabuldan Türkiýä gidipdi.

XS
SM
MD
LG