Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan Akaýewiň öňki körekenini gaýybana höküm etdi


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Askar Akaýew

Gyrgyzystanyň sudy ýurduň öňki prezidenti Askar Akaýewiň ozalky körekenini gaýybana 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

18-nji iýulda Gyrgyzystanyň Ýokary sudunyň metbugat wekili Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Adil Toýganbaýewiň maliýe we salgyt galplygynda, emlägi bikanun hususylaşdyrmakda günäli tapylandygyny aýtdy.

Asly gazagystanly 50 ýaşly Toýganbaýew Akaýewiň iň uly gyzy Bermet Akaýewanyň öňki adamsydyr.

2013-nji ýylda Gazagystan “Interpolyň” haýyşy esasynda Toýganbaýewi tussag edipdi, ýöne ony Gyrgyzystana ekstradisiýa etmegi ret edipdi. Şonda Gazagystanyň hökümeti özleriniň gazak raýatyny daşary ýurda ekstradisiýa etmeýändigini aýdypdy.

Şeýle-de, Toýganbaýew 2016-njy ýylda Dubaýda we 2014-nji ýylda Moskwada tussag edilipdi, ýöne hiç haçan Gyrgyzystana ekstradisiýa edilmändi.

XS
SM
MD
LG