Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Tähranyň ýadro ylalaşygyny berjaý edýändigini aýdyp, täze sanksiýa wada berýär


Golaýda Waşington bilen Riýad arasynda 110 milliard dollarlyk ýarag söwdasy yglan edildi. 
Golaýda Waşington bilen Riýad arasynda 110 milliard dollarlyk ýarag söwdasy yglan edildi. 

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy 17-nji iýulda Eýranyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirýändigini tassyklady we Tähranyň sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň dowam etmegine bil baglap biljekdigini aýtdy.

Ýöne Ak tam ballistik raketalar, tiz ýüzýän gämiler we beýleki meseleler boýunça öz basyşyny dowam etdirjekdigini hem belledi.

Bu Ak tamyň, Tramp ýanwarda işe başlaly bäri, Eýranyň şertnamanyň şertlerini berjaý edýändigini ikinji gezek tassyk edişidir. Ýogsa Tramp 2016-njy ýylyň saýlaw kampaniýasy mahalynda bu şertnamany “bozmagy” wada beripdi we ony owalda-ahyrda baglaşylan “iň ýaramaz ylalaşyk” diýip atlandyrypdy.

Tähranyň Waşington we dünýäniň ýene bäş döwleti bilen baglaşan şertnamasynyň düzgünlerini berjaý edýändigini tassyklamak bilen, Ak tam adminstrasiýasy Eýrany, ballistik raketalary we çalasyn gämileri synag etmek we kämilleşdirmek bilen, ylalaşygyň “ruhuna” zelel ýetirmekde tankytlady hem-de muňa goşmaça sanksiýalar bilen jogap berilmek ähtimallygyny duýdurdy.

Şeýle-de administrasiýa Eýranyň adam hukuklary meselesi, Ysraýyla garşy terrorçylygy goldamagy, ABŞ raýatlaryny tussag etmegi, Pars aýlagynda gämileriň erkin ýüzüşine gatyşylmagy barada aýdylýanlar hakyndaky alada bildirmegini dowam etdi.

"Eýran ABŞ bähbitlerine we regional durnuklylyga iň bir howply wehimleriň biri bolmagynda galýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran baýry amerikan resmisi žurnalistlere aýtdy. Şeýle-de ol administrasiýanyň Eýranyň ýadro ýarag programmasyny jylawlan ylalaşygy güýçlendirmegiň, ýagny onuň Tähranyň ýadro ýaragyny edinmezligini doly üpjün etmegini gazanmagyň ýollaryny gözleýändigini sözüne goşdy.

Bu habar Tähranyň baş diplomaty Eýranyň Tramp işe başlaly bäri ABŞ-nyň pozisiýasyna düşünjek bolup heläk bolýandygyny dile getiren wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

"Bize gapma-garşylykly yşaratlar gelip gowuşýar, onsoň biz olary nähili terjime etjegimizi bilemzok” diýip, daşary işler ministriMohammad Javad Zarif Nýu-Ýorkda Daşary gatnaşyklar geňeşine aýtdy.

Zarif Birleşen Ştatlaryňikuçly hem bolup biljekdigini, emma Eýranyň ýadro ylalaşygy babatda gara çynydygyny aýtdy we Tähranyň, ýadro ýaragyna dahylly sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň deregine, ýadro aktiwliklerini kemeltmegi dowam etdirjekdigini sözüne goşdy.

Zarif entek özüniň ABŞ-nyň döwlet sekretary, Waşingtonyň Eýran babatdaky syýasatyny gaýtadan gözden geçirýänReks Tillerson bilen görüşmändigini, emma muňa taýýardygyny aýtdy.

"Men entek döwlet sekretaryTillerson bilen gürleşemok" diýip, ol aýtdy. “Bu şeýle gepleşigiň bolmajagyny aňlatmaýar. Gepleşik üçin mümkinçilik hemişe açyk” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Mundan tapawutlylykda, Zarif 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygy barada gepleşik geçirilen ýyllarda ozalky döwlet sekretary Jon Kerri bilen özüniň, başga adamlara garanda, bir-birek bilen has kän wagt geçirendigini hem belledi.

Ýadro ýaragly döwletler bolan Hytaýyň, Russiýanyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň we Birleşen Ştatlaryň, goşmak Germaniýanyň 21-nji iýulda Wenada duşuşyp, ylalaşygyň netijelerine seretmeklerine garaşylýar.

Zarif olaryň Eýranyň ABŞ-nyň Tährana garşy sanksiýalary ýatyrmakda öz üstüne düşýän borçlary ýerine ýetirmeýändigi baradaky şikaýatyna seretjekdiklerini aýdýar. Hakykatda, bu ylalaşyk ABŞ-ny Tähranyň ýadro aktiwliklerine dahyly bolmadyk sanksiýalaryny ýatyrmaga borçly etmeýär.

ABŞ sanksiýalary ýatyrmazlygynyň sebäbini Eýranyň ballistik raketalary synag etmegi bilen düşündirýär, ýagny bu raketalaryň ýadro ýaraglaryny Ysraýyla, Tähranyň duşmanyna ýetirmek üçin synag edilýän bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürýär. Eýran muny ret edýär.

Zarif Eýranyň raketalarynyň diňe goranyş maksatlydygyny öňe sürýär we, kinaýaly, Eýranda ýasalan raketalar bilen Birleşen Ştatlaryň Tähranyň Ýakyn Gündogardaky esasy garşydaşyna, Saud Arabystanynasatýan ýaraglaryny deňeşdirýär. Golaýda Waşington bilen Riýad arasynda 110 milliard dollarlyk ýarag söwdasy yglan edildi.

Zarif Eýranyň 1980-nji ýyllarda Yrak bilen urşup, himiki ýarag hüjümine sezewar bolandygyny belläp, “bize [raketalar] burçuň arkasyndan ýene bir Saddam Hüseýiniň gelip, özümizi urmazlygy üçin gerek” diýdi.

XS
SM
MD
LG