Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Trampyň we Putiniň Uly-20 sammitinde iki gezek duşuşandygyny aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Hamburg, 7-nji iýul, 2017.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Hamburg, 7-nji iýul, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin şu aýyň başynda Germaniýada geçirilen Uly-20 guramasynyň sammitiniň çäginde ikinji we öň mälim edilmedik duşuşygyny geçirdiler diýip 18-nji iýulda Ak Tam aýtdy.

Iki ýurduň liderleriniň birinji duşuşygy 7-nji iýulda ikitaraplaýyn resmi konferensiýasynda boldy we iki sagatdan gowrak wagt dowam etdi.

Ak Tam Trampyň we Putiniň Germniýanyň kansleri Angela Merkel tarapyndan dünýä liderleri hem olaryň maşgalalary üçin geçirilen nahar başyndaky duşuşykdan soň ýene “gysgaça gepleşendigini” mälim etdi.

Şol duşuşykda Trampyň aýaly Melani Putiniň ýanynda oturandygy telwideniýede görkezildi. ABŞ-nyň prezidenti nahardan soň olaryň ýanyna bardy we Putin bilen gepleşdi diýip Ak Tam habar berdi, emma bu söhbetdeşligiň olaryň gepleşik geçirendigini aňlatmaýandygyny aýtdy.

Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Mihael Anton söhbetdeşligiň mazmunyny takyklaşdyrmady we onuň “duşuşyk” hökmünde häsiýetlendirilmeli däldigini aýtdy, emma beýleki şaýatlar Trampyň nahar başyndaky duşuşygyň barýan wagtynda öz ýerinden turup, bir sagada golaý wagtlap Putin bilen “şahsy we janly” gepleşendigini aýtdylar we bu söhbetdeşlige diňe “Putiniň terjimeçisiniň goşulandygyny” bellediler.

XS
SM
MD
LG