Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjylar Täjigistan dissidentleriň garyndaşlaryny yzarlaýar diýýärler


HRW guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Stewe Swerdlow
HRW guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Stewe Swerdlow

“Human Rights Watch” (HRW) guramasy we Norwegiýanyň Helsinki komiteti Täjigistanyň häkimiýetleriniň 9-njy iýulda Germaniýada geçirilen konferensiýa gatnaşan 10 aktiwistiň maşgala agzalaryna tussag etmek, soraga çekmek we gorkuzmak ýaly basyş görkezendigini aýdýar.

Dortmunda geçirilen konferensiýada Täjigistanda 1992-1997-nji ýyllarda bolan graždan urşunyň tamamlanmagynyň 20-nji ýyl dönümi bellendi.

Adam hukuklaryny goraýjy iki guramanyň 19-njy iýulda çap eden bilelikdäki beýannamasynda täjik häkimiýetleriniň aktiwistleriň garyndaşlaryny köpçüligiň öňünde masgaralamak, olaryň ýurduň daşyna çykmagyny gadagan etmek we olaryň emlägini elinden almak haýbatyny atmak ýaly hereketlere baş goşandygyny aýtdy.

Beýannamada resmileriň aktiwistleriň birine onuň gyzyny zorlamak ýaly haýbatyň atylandygy aýdylýar.

“Täjik hökümeti dissidentleriň garyndaşlaryna garşy aýylganç kampaniýasy ýaýbaňlanýar we has bihaýa bolup barýar” diýip,düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän HRW guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Stewe Swerdlow aýtdy.

“Human Rights Watch” guramasy we Norwegiýanyň Helsinki komiteti ABŞ-ny, Ýewropa Bileleşigini we beýleki ýurtlary “adam hukuklarynyň barha erbetleşmegine” gyssagly jogap bermäge we adam hukuklarynyň depelenmegine “köpçülikleýin jogap bermäge “ çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG