Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainaly žurnalistler öldürlen kärdeşi Şeremetiň hatyrasyna matam tutýarlar


Onlarça žurnalist, raýat jemgyýetiçliginiň aktiwistleri geçen ýyl wepat bolan žurnalist Pawel Şeremetiň hatyrasyna matam çäresini geçirdiler, Kiýew, 20-nji iýul, 2017.
Onlarça žurnalist, raýat jemgyýetiçliginiň aktiwistleri geçen ýyl wepat bolan žurnalist Pawel Şeremetiň hatyrasyna matam çäresini geçirdiler, Kiýew, 20-nji iýul, 2017.

Onlarça žurnalist, raýat jemgyýetçiliginiň aktiwistleri geçen ýyl Kiýewiň merkezinde awtoulagynda goýlan bombanyň partlamagynyň netijesinde wepat bolan žurnalist Pawel Şeremetiň öldürlen ýerine jemlenip, onuň hatyrasyna matam çäresini geçirdiler.

Olar yzýany prezidentiň edara jaýyna we beýleki hökümet edaralaryna tarap ýöriş geçirip, häkimiýetlerden žurnalistiň öldürilmegi bilen bagly işi derňemegi talap etdiler.

Ady belli žurnalist we kanun çykaryjy Mustafa Naýýem tarapyndan Içeri işler ministrliginiň girelgesinde berkidilen şygarda “Kim Pawely öldürdi?” diýen sorag orta atyldy.

Belarusda doglan orsýet raýaty Pawel Şeremet Kiýewde wagtlaýyn ýaşan öýünden çykyp, ertirki radio programmasy üçin studiýa barýarka "Subaru" awtoulagyna goýlan bombanyň partlamagynda wepat boldy. Bu hadysa 2016-njy ýylyň 20-nji iýulynda ir sagat 7:45 ýüze çykdy.

Žurnalistiň heläk bolmagyndan bir ýylyň geçmegine garamazdan, häkimiýetleriň geçiren derňewleri netije bermedi, emma synçylar, Şeremetyň kärdeşleri we garyndaşlary resmileri ukypsyzlykda, geleňsizlikde we emeli päsgelçilik döretmekde aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG