Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Assada garşy söweşýän siriýaly pitneçilere CIA goldawyny ‘ýatyrdy’


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň armiýasyna garşy söweşýän pitneçi toparlary zerur serişde bilen üpjün etmek we türgenleşdirmek hakyndaky CIA-nyň, ýagny Merkezi aňtaw gullugynyň gizlin programmasyny ýatyrmak barada mundan tas bir aý ozal karara geldi diýip, media serişdeleri 19-njy iýulda habar berdi.

Bu karar Siriýada Assadyň häkimiýetini saklamaga synanyşýan Russiýa bilen işleşmek islegini görkezmek maksady bilen amala aşyryldy diýip, “Reuters” we “Washington Post” neşirleri adynyň anonim galmagy şerti bilen maglumat beren ABŞ resmilerine salgylanyp habar berdi.

CIA-nyň, ýagny Merkezi aňtaw gullugynyň agzalýan programmasy Assady häkimiýetden çetleşdirmek maksady bilen ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama tarapyndan 2013-nji ýylda başladylypdy, ýöne bu o diýen şowly bolmandy.

Tramp bu programmany ýatyrmak baradaky karary 7-nji iýulda Germaniýada geçirilen G20 sammitinde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmazdan öň, ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk maslahatçysy H.R. MakMaster (H.R. McMaster) we Merkezi aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy Maýk Pompeo (Mike Pompeo) bilen geçiren ýygnagyndan soň kabul etdi diýlip, media maglumatlarynda aýdylýar.

Munuň Siriýanyň günorta-günbatarynda ok atyşygy bes etmek barada, ABŞ bilen Russiýanyň arasynda gelnen ylalaşygyň bir bölegi däldigi hem maglumatda nygtalýar.

Bir resmi “Reuters” neşirine beren maglumatynda Birleşen Ştatlaryň uly eglişik etmeýändigini, ýöne “munuň administrasiýanyň Russiýa bilen gatnaşyklary gowulandyrmak isleýändigi dogrusynda Putine bir yşaratdygyny” aýtdy.

Emma “Washington Post” gazeti agzalýan programmany goldan häzirki we öňki resmileriň käbirleriniň Trampyň bu hereketini Birleşen Ştatlar tarapyndan edilen uly eglişik diýip hasaplaýandygyny habar berdi.

Bu gazet Birleşen Ştatlaryň häzirki resmileriniň birine salgylanyp, “munuň örän möhüm karar bolandygyny” we “Putiniň Siriýada ýeňendigini” ýazdy. Habarda gürrüňi edilýän resminiň öz adynyň anonim galmagy şerti bilen gizlin programma barada gürrüňdeş bolandygy aýdylýar.

Tramp öz wezipesine girişmezden ozal, Birleşen Ştatlar tarapyndan ýaraglandyrylýan pitneçi toparlaryň “Yslam döwleti” ekstremist topara garşy söweşini ileri tutup, özüniň Siriýanyň Azat armiýasyna berilýän goldawy ýatyrmagynyň mümkindigini aýdypdy.

20-nji iýulda žurnalistler media serişdelerinde çykan bu habarlar barada Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow bilen habarlaşanda, ol bu barada kommentariý bermekden saklandy.

XS
SM
MD
LG