Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Ýaponiýadan seýsmologiki enjamlary alar


Aşgabatda soňky ýyllarda gurlan beýik binalar
Aşgabatda soňky ýyllarda gurlan beýik binalar

Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň territoriýasyndaky seýsmologiki gözegçilik sistemasyny gowulandyrmak boýunça proýekt başlanýar diýip, “Trend” habar gullugy türkmen metbugatyna salgylanyp habar berýär.

Ýaponiýanyň JICA agentligi Türkmenistana güýçli sarsgynlary hasaba alýan häzirki zaman enjamlaryny, digital seýsmiki stansiýalary, materiallary işlemek we analizlemek baradaky programmalaýyn serişdeleri berer.

Bu proýekt boýunça türkmen hünärmenleriniň Ýaponiýada häzirki zaman seýsmologiki enjamlarda işlemek boýunça tälim almagyna, okuw geçmegine garaşylýar.

Ýapon agentliginiň Türkmenistanda seýsmologiki enjamlary berjegi baradaky ilkinji habar 2016-njy ýylyň aprelinde çykypdy. Türkmenistanyň günbatar we demirgazyk bölegi seýsmiki taýdan aktiw zonada ýerleşýär.

Sowet ýyllarynda Türkmenistanda dört-bäş gatdan beýik jaýlar kän gurulmazdy, emma soň bu çäklendirme aýrylady.

Şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Eýran bilen serhedinde 5,8 magnitýudly ýer yranmasy boldy. Emma türkmen mediasy ýurtda bolýan ýer sarsgynlary we olaryň netijeleri barada maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG