Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" Türkmenistana golaý etrabyň merkezini eýeledi


Farýapda söweşýän owgan harbylary
Farýapda söweşýän owgan harbylary

Owgan resmisi “Talyban” jeňçileriniň demirgazyk-günbatar Owganystanda bir etrap merkezini ele geçirendigini aýdýar.

Farýap welaýatynyň polisiýa başlygynyň sözçüsi Abdul Karim Ýureş jeňçileriň Kohistan etrabynyň hökümet binalaryny, şol sanda polisiýa ofisini ele geçirendigini aýtdy.

Ýureş jeňçileriň 22-nji iýulda giçlik hüjüme başlap, birnäçe sagat içinde etraby basyp alandygyny aýtdy.

Ol söweşde iki sany polisiýa ofiseriniň öldürilendigini hem sözüne goşdy. “Talyban” etrap merkezini ele geçirendigini aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Ýureş polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň welaýatyň Türkmenistan bilen serhetdeş sekiz etrabynda jeňçilere garşy söweşýändigini gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG