Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan gaz-himiýa kärhanasynyň gurluşygyna halkara maýa goýujylary çagyrýar


Türkmenistanyň gas öndüriji kärhanasy, Samandepe gaz ýatagy
Türkmenistanyň gas öndüriji kärhanasy, Samandepe gaz ýatagy

Türkmenistan birnäçe iri gaz-himiýa kärhanasyny gurmagy planlaşdyrýar we bu proýektlere halkara maýa goýujylaryny gatnaşmaga çagyrýar.

Habar berilişine görä, gaz serişdelerinden öndürilýän polietilen, polipropilen ýaly önümleriň birnäçe görnüşini işläp çykarmak boýunça kärhanalar ösen tehnologiýalaryň ulanylmagynda işlär.

Türkmenistan ýurtda amala aşyrylýan iri proýektlere gatnaşmak we maýa ýatyrmak çagyryşy bilen Merkezi Aziýa regionyndaky goňşularyna we günbatar ýurtlaryna ençeme gezek döwlet ýolbaşçylary derejesinde ýüzlendi.

Esasy ugurlaryň arasynda energiýa serişdeleriniň önümçiligi, eksporty, senagat infrastrukturasynyň gurluşy bilen bagly proýektler agzalýar, şol sanda Hazar deňzindäki gaz ýataklarynyň özleşdirilmegine we TOPH gazgeçiriji proýektine degişli teklipler öňe sürülýär.

XS
SM
MD
LG