Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Russiýa garşy täze sanksiýalaryň kanun taslamasyny goldajakdygyny yşarat edýär


Ak tamyň metbugat wekili Sara Hakabi Sanders (Sarah Huckabee Sanders)
Ak tamyň metbugat wekili Sara Hakabi Sanders (Sarah Huckabee Sanders)

Ak tam Russiýa garşy täze sanksiýalary göz öňünde tutýan we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň ýeke özüniň özbaşdak sanksiýalary gowşatmak ýa-da aýyrmak mümkinçiligini çäklendirýän täze kanun taslamasyna garşy däldigini mälim etdi.

Bu barada Ak tamyň metbugat wekili Sara Hakabi Sanders (Sarah Huckabee Sanders) 23-nji iýulda efire berlen telewizion gürrüňdeşlikde aýtdy. Ondan bir gün ozal Waşingtonda respublikanlar we demokratlar agzalýan kanun taslamasy boýunça öz aralarynda ylalaşandyklaryny mälim edipdi. Trampyň administrasiýasy bu kanuna garşy çykyp gelýärdi.

ABC kanalynyň “This Week” atly programmasyna gatnaşan Sanders: “Biz kanun taslamasynyň häzirki ýagdaýyny goldaýarys we Ukrainadaky ýagdaýlar doly düzelýänçä, Russiýa garşy has güýçli sanksiýalary girizmek üçin Senat hem-de Wekiller palatasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge dowam ederis” diýdi.

Tramp gaýta-gaýta Moskwa bilen gatnaşyklary ösdürmek isleýändigini aýdyp gelýär. Bu bolsa Kongresdäki iki partiýanyň agzalarynda-da “Russiýanyň Krym ýarymadasyny ele geçirmegine we gündogar Ukrainadaky seperatistleri goldamagyna jogap hökmünde girizilen sanksiýalary Tramp gowşadaýmasyn ýa-da ýatyraýmasyn” diýen aladalary döretdi.

Trampyň administrasiýasynda Ukraina bilen baglanyşykly Russiýa garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmaga niýetlenýändirler diýen pikire ýol açjak alamat entek ýok. Orsýet özüniň gündogar Ukrainadaky seperatistleri ýarag we goşun bilen üpjün edýändigini, bu baradaky subutnamalara garamazdan ret edýär.

Eýrana we Demirgazyk Koreýa garşy girizilmeli sanksiýalary hem öz içine alýan kanun taslamasyna 25-nji iýul güni Wekiller palatasynda serediler. Öz gezeginde Senat hem agzalýan kanun taslamasyna ses bermeli bolar. Şondan soň kanun çykaryjylar bir aýyň dowamynda degişli taslama boýunça karara gelerler. Agzalýan kanun taslamasyna görä, eger-de Tramp islendik sanksiýany saklajak ýa-da ýatyrjak bolsa munuň sebäbini Kongrese hat üsti bilen düşündirip hasabat bermeli.

Trampyň täze aragatnaşyk direktory Entoni Skaramuççi, prezidentiň agzalýan kanuna gol çekip çekmezlik barada entek belli bir karara gelmändigini aýtdy.

Skaramuççi özüniň “CNN-e” beren interwýusynda “Tramp bu barada gysga wagtyň içinde netijä geler diýip çak edýärin” diýdi.

Eger-de Tramp agzalýan kanun taslamasyny tassyklamasa, Waşingtonda närazyçylykly syýasy gopgun döremegi ahmal. Sebäbi 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna Russiýanyň galtaşygy we Trampyň adamlarynyň russiýaly resmiler bilen gatnaşygy Federal derňew býurosynda-da, Kongresde-de derňelýär.

Ýöne 23-nji iýul güni iki ýokary derejeli senator, günorta dakotaly respublikan Jon Sýun bilen merilendli demokrat Ben Kardin, kanun taslamasy Senatdan ýeterlik ses bilen geçip Trampyň wetosynyň ähmiýeti galmaz diýdiler.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti ýagdaýlary ýazgarmak üçin 23-nji iýul güni ýene-de Twitterde çykyş edip, özüniň demokrat kandidat Hillari Klintony ýeňmeginiň netijelerine salgylandy we barlaglary “rus gatyşygy diýilýän toslama jadygöý awçylygy” diýip atlandyrdy.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw agentlikleri Klintonyň kampaniýasyna zyýan ýetirmek üçin Kreml kompýuter hüjümlerini we propaganda kampaniýalaryny buýruk beripdir diýen netijä geldi.

Tramp Twitterde: “Rus gatyşygy diýilýän jadygöý awçylygy dowam edýär, saýlawdaky ýeňlişe bahana hökmünde aýdylýan gürrüňlere iki topar gülýär – demokratlar we orslar” diýip ýazdy.

XS
SM
MD
LG