Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan latin alfawitiň şu ýylyň aýagyna çenli taýýarlanjagyny yglan etdi


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew

Gazagystan latin elipbiýine geçmek planynyň çäginde täze alfawitiň şu ýylyň aýagyna çenli taýýarlanjagyny yglan etdi.

Bilim we ylym ministri Erlan Saghadiýewiň 26-njy iýulda Astanada žurnalistlere aýtmagyna görä, 13-nji aprelde döredilen ýörite komissiýa latin elipbiýi esasynda gazak dili üçin “has amatly” görnüşini döretmegiň üstünde işleýär.

Saghadiew tutuş ýurt boýunça mekdeplerde 500-den gowrak klasyň sentýabrdan başlap iňlis dilinde okadyljakdygyny aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 2025-nji ýyla çenli ähli neşirleriň, dokumentleriň , köçe belgileriniň kiril alfawitinden latin alfawitine geçirilmegini tabşyrdy.

Bu çärä ýurduň gazak medeniýetini ösdürmek we Orsýetden daşlaşmak ugrundaky ädim hökmünde garalýar.

Bu ädim 80 ýyllap kiril alfawitini ulanan öňki sowet ýurdunda üýtgeşiklik boldy.

1929-njy ýylda sowet häkimiýetleri Sowet Soýuzynyň düzümindäki musulman halklarynyň öň ulanan arap elipbiýini latin elipbiýine geçiripdi. 1940-njy ýylda latin alfawiti kiril alfawitine çalyşypdy.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň, Azerbaýjan we Türkmenistan latin alfawitine geçipdi. Özbegistan 1992-nji ýyldan bäri kiril we latin alfawitleriniň ikisini-de ulanýar.

XS
SM
MD
LG