Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlaryna biletler satylyp başlandy


Aziada-2017 sport ýaryşynyň resmi belgisi

Aşgabatda sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlaryna biletler satylyp başlandy diýip, ýerli çeşmeler habar berýärler.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna (Aziada-2017) halkara sport ýaryşyna iň arzan bilediň bahasy 3 manatdan başlanýar.

17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017 halkara sport çäresine biletleriň bahasy iýun aýynyň başynda mälim edilipdi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramalaşdyrýan ýerine ýetiriji komitetiň maglumatyna görä, 160 sany sport bäsdeşligi üçin 600 müň çemesi bilet satylar. Biletleriň bahasy ulular üçin 7-10 manat aralygynda (resmi kursdan 2-3 amerikan dollary möçberinde) 14 ýaşyna ýetmedik çagalar üçin mugt.

17-nji we 27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabarasyna biletleriň bahasy 50-500 manat aralygynda görkezildi.

Ýaňy-ýakynda käbir garaşsyz çeşmeler Aşgabadyň dürli ýerlerinde Aziada-2017 sport çäresiniň ýarylaryna bilet satýan kassalaryň ýerleşdirilendigini habar berdiler. “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” neşri bu ýörite bilet kassalarynyň entek ýapyk durandygyny habar erdi.

Aziada-2017 oýunlary Aşgabadyň merkezinde gurlan bahasy 5 milliard dollarlyk Olimpiýa toplumynda geçiriler.

XS
SM
MD
LG