Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain deputaty: Saakaşwili ABŞ-dan oturym soramaly bolar


Mihail Saakaşwili Kiýewde goldawçylarynyň öňünde gürleýär, 30-njy maý, 2017
Mihail Saakaşwili Kiýewde goldawçylarynyň öňünde gürleýär, 30-njy maý, 2017

Gürjüstanyň ozalky prezidenti we öňki ukrain gubernatory Mihail Saakaşwili 26-njy iýulda ukrain raýatlygyndan mahrum edildi we belki-de Birleşen Ştatlardan oturym soramaly bolar diýip, ukrain deputaty aýtdy.

Saakaşwili Facebookda Birleşen Ştatlara sapara barýan wagty ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň özüniraýatlykdan çykarandygyny aýtdy, emma ol ýerde galmaga çalyşjakdygy barada hiç bir zat syzdyrmady.

Poroşenkonyň parlamentdäki fraksiýasyna degişli bolan deputat Serhiý Leşçenko Facebookda eger Saakaşwili Ukraina dolanyp gelmäge çalyşsa, prezident bolan döwründe edendigi aýdylýan jeneýatlaryna jogap bermegi üçin, ol Gürjüstana ekstradisiýa edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolar diýdi.

Poroşenko Gürjüstanyň 2003-nji ýyldaky Bägül rewolýusiýasy mahalynda bu ýurda prezident bolan we soňra meşhurlygyny ýitiren reformaçy Saakaşwilini2015-nji ýylda Odessa regionynyň gubernatorlygyna belledi. Poroşenko o mahal ony bir ýarany hökmünde görýärdi.

Emma Saakaşwili geçen ýyl, özüniň korrupsiýa garşy tagallalaryna resmi suratda päsgelçilik döredilýändigini aýdyp, bu wezipeden çekildi.

Saakaşwiliniň goldawçylary 26-njy iýulda Poroşenkonyň Saakaşwilini ukrain raýatlygyndan mahrum etmegini “konstitusiýa sygaman” hereket diýip atlandyrdylar we Saakaşwiliden tankydy pikirleri üçin ar alynýandygyny aýtdylar.

Poroşenko bu hereketi babatda hiç bir jemgyýetçilik düşündirişini bermedi, emma Leşçenko 26-njy iýul güni giçlik prezidentiň niýetiniň Saakaşwilini ýurtdan daşarda saklamaga hem-de Birleşen Ştatlardan pena soramaga mejbur etmek bolandygyny aýtdy.

"Saakaşwili fiziki taýdan Ukraina dolanyp bilmeýär, sebäbi ol Borispile [aeroport] gelende tussag astyna alnar we Gürjüstana ekstradisiýa ediler” diýip, Leşçenko aýtdy.

Şeýle-de Leşçenko, Ukraina dolanyp bilmänsoň we Gürjüstana ekstradisiýa edilmek howpy zerarly, Saakaşwili Amerikadan oturym almaga hem-de ukrain syýasatyny unutmaga mejbur bolar, Poroşekonyň kararynyň maksady hem şundan ybaratdy diýdi.

Bu çäre Saakaşwiliniň Ukrainada ol ýa-da beýleki wezipä dalaş etmek mümkinçiligini çäklendirýär, ýogsa onuň döreden partiýasy bu ýurtda irki saýlawlaryň geçirilmegine çalyşýardy. Ukrain kanuny astynda diňe ukrain raýaty syýasy partiýalara ýolbaşçylyk edip bilýär ýa-da parlamente saýlanyp bilýär.

Poroşenkonyň blogyndaky beýleki deputatlar prezidentiň bu kararyny tankytlap çykyş etdiler.

"Saakaşwilini raýatlykdan çykarmak birleriniň kellesine geitirip biljek iň akmak zady, bu gowşaklygyň alamaty we Ukrainanyň prezidentine gelişmeýär” diýip, kanun çykaryjy Mustafa Naýýem aýtdy.

"Biriniň Mihail bilen razylaşmazlygy, käbirleriniň ony halamazlygy bolup biljek zat, emma ol umumylykda medenileşen barrikadanyň biz tarapynda ahyryn” diýip, ol aýtdy. “Iň soňunda iki prezidentiň arasyndaky dawada kim ýeňiji bolsa bolup biler, emma Ukraina ýeňiji bolmaz” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG