Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan türkmen gazynyň 2020-nji ýylda gelip başlamagyny planlaşdyrýar


Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň geçýän ýolunyň kartasy
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň geçýän ýolunyň kartasy

Pakistan türkmen gazynyň 2020-nji ýylda gelip başlamagyny planlaşdyrýar, diýip ýurduň media serişdeleri Pakistanyň nebit we gaz resurslar boýunça ministri Şahid Hakan Abbasä salgylanmak bilen habar berdi.

Gazyň häzirki wagtda gurluşyk tapgyryndaky Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisi arkaly akdyryljakdygy aýdylýar.

Abbasi Pakistanyň hökümetiniň TOPH proýekti üçin 336 milliard rupee (1 amerikan dollary – 105 rupee) möçberli maliýe serişdesini kepil geçendigini aýtdy.

Türkmenistan uzynlygy 1814 kilometrlik TOPH gazgeçiriji proýekti arkaly Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar.

2015-nji ýylda düýbi tutulan umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryna barabar TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň 85%-ni maliýeleşdirmegi resmi Aşgabat öz üstüne aldy.

Şu günki gün Türkmenistan tebigy gazyny diňe Hytaýa satýar.

XS
SM
MD
LG