Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň Howpsuzlyk boýunça işçi toparyň maslahaty geçirildi


5+1 diýlip atlandyrylýan Howpsuzlyk boýunça işçi toparyň maslahaty, Duşenbe, 27-nji iýul, 2017
5+1 diýlip atlandyrylýan Howpsuzlyk boýunça işçi toparyň maslahaty, Duşenbe, 27-nji iýul, 2017

Täjigistanda 5+1 diýlip atlandyrylýan Howpsuzlyk boýunça işçi toparyň maslahaty geçirildi.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we ABŞ-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda 26-njy iýulda ABŞ-nyň Duşenbedäki ilçihanasynda geçirilen duşuşykda terrora garşy göreş boýunça regional hyzmatdaşlygy we Merkezi Aziýada daşary ýurtly terrorçylaryň howpy bilen bagly meseleler maslahat edildi, diýlip media maglumatlarynda aýdylýar.

Howpsuzlyk boýunça işçi toparyň ministrler derejesindäki ilkinji maslahaty 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Özbegistanda Samarkantda geçirilip, howpsuzlyk, ykdysadyýet we ekologiýa degişli meselelere garaldy.

2016-njy ýylda Waşingtonda geçirilen ikinji duşuşykda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy agzalan üç ugur boýunça ABŞ-nyň maliýeleşdirilmegindäki proýektlere başlamaga razylyk berdiler.

XS
SM
MD
LG