Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Nawaz Şarif Ýokary suduň karary esasynda wezipeden çekilýär


Nawaz Şarif
Nawaz Şarif

28-nji iýulda Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň premýer-ministri Nawaz Şarifi ygtyýarlyklaryndan mahrum edip, ony 2016-njy ýylda syzdyrylan “Panama kagyzlaryndan” ugur alýan korrupsiýa aýyplamalary esasynda wezipeden boşatmaly diýip, karar çykardy.

Suduň karary çap edilensoň, Şarif derhal arzasyny ýazyp wezipeden çekildi. Paýtagt Yslamabatda howpsuzlyk güýçlendirildi.

Derňewçiler Şarifiň maşgalasynyň ofşor, ýagny salgyt kanunçylyklary ýeňilleşdirilen kompaniýalardaky bimöçber baýlyklarynyň gelip çykyşy barada düşündiriş berip bilmeýändiklerini öňe sürdi. Munuň yz ýany, sud dessine Şarif barada karar çykardy.

Kazyýetiň sudýasy Ejaz Afzal Han: “Ol mundan beýläk parlamentiň ynamdar agzasy bolmaga mynasyp däl we ol premýer ministriň wezipesini eýelemegini hem bes eder” diýdi.

Şarifiň edarasyndan ýaýradylan gysga beýanatda onuň suduň kararyndan habarly bolmagynyň yzýany “öz arzasy” bilen premýer-ministr wezipesinden çekilendigi aýdyldy.

Şeýle-de, beýanatda kararyň adalatsyzdygy we Şarifiň “sud prosessinde çynlakaý bärden gaýtmalar bar” diýendigi, ýöne onuň kanunyň hökmürowanlygyna we kazyýete bolan sylag-hormatyny görkezmek üçin işden çekilendigi bellenildi.

Pakistanyň mediasy premýer-ministr wezipesiniň üçünji möhletindäki Şarife we onuň maşgalasyna garşy jenaýat işiniň gozgalyp bilinjekdigini habar berdi.

Şarif gozgalan iş boýunça özüniň hiç hili etmişiniň ýokdugyny tekrarlap gelýär we maşgalasyna garşy alnyp barylýan maliýe derňewlerini toslama diýip atlandyrýar.

Suduň garaşylmadyk kararynda, Pakistanyň ykdysady ösüşiniň soňky on ýyllykda iň ýokary depgine ýetirilmegine goşant goşdy diýilýän ýurduň maliýe ministri Işak Dary hem wezipeden boşadyldy.

Ýöne Şarifiň hökümet başyndaky “Pakistan Musulman Ligasy – Nawaz (PML-N)” partiýasynyň täze premýer-ministri wezipä bellemegine garaşylýar. Täze premýer-ministr öňümizdäki ýylda geçiriljek saýlawlara çenli hökümete baştutanlyk eder. Nawazyň partiýasy parlamentde köplügi emele getirýär.

Paýtagt Yslamabatda ýerleşýän Ýokary suduň binasynyň daşynda topar-topar bolup adamlar üýşüşdi. Karar çykmazdan öň ol ýere 3 müň howpsuzlyk işgäri ýerleşdirildi.

Şarif ofşor dünýäsiniň maliýe hereketlerini üns merkezine çeken “Panama kagyzlarynyň” uly syýasy pidalaryndan biri boldy.

2016-njy ýylyň aprel aýynda jemgyýetçilige ýetirilen düýbi Panamadaky “Mossak Fonseka” hukuk firmasyna degişli dokumentler, Şarifiň dört oglundan üçüsiniň eýeçiligindäki, maşgalanyň baýlyk beýanatynda görkezilmedik, ofşor kompaniýalarynyň we beýleki emläkleriň üstüni açdy.

Şol wagtlar Şarifiň ogly Hussain Şarif öz eýeçiliginde ofşor kompaniýalarynyň bardygyny kabul edipdi, ýöne ol daşary ýurtlarda biznes mümkinçiliklerini ýola goýmak üçin kanuny dolanyşykdaky puly ulanýandyklaryny nygtap aýdypdy.

2016-njy ýylda Izlandiýanyň premýer-ministri Sigmundur Dawid Gunlegson maşgalasynyň eýeçiligindäki ofşor, ýagny salgyt kanunçylygy ýeňledilen kompaniýalardaky pullary sebäpli aýaklanan halky köşeşdirmek üçin wezipeden çekilipdi.

Şarfifiň premýer-ministr wezipesinde mundan ozalky iki möhletiniň biri 1999-njy ýylda amala aşyrylan harby agdarylyşyk sebäpli uzaga çekmändi.

Ol sürgünden yzyna dolanyp, 2013-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlaryna gatnaşdy we ynandyryjy ýeňiş gazandy.

XS
SM
MD
LG