Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan 1-nji awgustda täze, wagtlaýyn premýer-ministr saýlar


Şahid Hakan Abbasi, ozalky nebit ministri. Arhiw fotosy.
Şahid Hakan Abbasi, ozalky nebit ministri. Arhiw fotosy.

Pakistanyň parlamenti 1-nji awgustda işden çekilen Nawaz Şarifiň ýerine täze premýer-ministr saýalamak üçin ýygnanar.

Şarif 28-nji iýulda, Ýokary sud onuň 2016-njy ýylda syzan Panama kagyzlaryndan gelip çykýan korrupsiýa aýyplamalary esasynda işden aýrylmagyny buýuranyndan soň işden çekildi.

Ol özüniň hiç bir nädürs iş etmändigini aýdyp, korrupsiýaaýyplamalaryny ret edýär.

Şarifiň Pakistan Musulman ligasy-Nawaz (PML-N) partiýasy parlamentde köplügi düzýär we bu partiýanyň kandidaty Şahid Hakan Abbasi 1-nji awgustdaky parlament ses berişliginde tassyklanar diýip garaşylýar.

Oppozisiýanyň Şarifiň wepaly ýarany we ozalky nebit ministri Abassiniň kändidaturasyna garşy çykmagyna garaşylýar.

Şarif Abbasini wagtlaýyn, Panjap welaýatynda baş ministr bolup işleýän dogany Şahbaz Şarif öz işden çekilen doganynyň boşan ornuna geçiriljek saýlawda bäsleşip bilýänçä, geçiş premýer-ministri wezipesine teklip etdi.

65 ýaşyndaky Şahbaz Şarif 2008-nji ýyldan bäri Panjabyň baş ministri bolup işleýär we iş bilýän adminstrator hökmünde tanalýar. Şeýle-de ol öz doganynyň maşgalasyny içine sorýan korrupsiýa aýyplamalaryna dahylsyz bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG