Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň parlamenti täze premýer-ministri saýlar


Pakistanyň parlamenti, Yslamabad

Pakistanyň parlamenti 1-nji awgustda täze premýer-ministri saýlar. Ýurduň öňki hökümet baştutany Nawaz Şarif 28-nji iýulda ýurduň Baş sudunyň çykaran kararyna görä wezipesinden çekilipdi.

Pakistanyň sudy, 2016-njy ýylda üsti açylan Panama dokumentlerine esaslanyp, Şarifi korrupsiýa baş goşmakda günäledi. Nawaz Şarif aýyplamalary ret etdi.

Şarifiň “Pakistanyň musulman ligasy” atly partiýasy parlamentde köpçüligi emele getirýär. Partiýanyň dalaşgäri Şahid Hakan Abbasiniň kandidaturasynyň 1-nji awgustda parlamentde geçiriljek ses berişlikde tassyklanmagyna garaşylýar.

Oppozisiýanyň Abbasä bäsdeş hökmünde Şarifiň öňki ýarany we nebit ministrini öňe sürmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG