Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa lideri Tekebaýewiň tarapdarlary açlyk yglan etdiler


Gyrgyzystanyň oppozision Ata-Meken partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýewiň tarapdarlary
Gyrgyzystanyň oppozision Ata-Meken partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýewiň tarapdarlary

Gyrgyzystanyň oppozision Ata-Meken partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýewiň tarapdarlary Beşkekde açlyk yglan etmek aksiýasyna başladylar.

Tekebaýew para almakda aýyplanyp sud edilýär.

Ata-Meken partiýasynyň agzasy Kalys Boronbaýewiň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, azyndan alty aktiwist 31-nji iýulda açlyk yglan etdi we Tekebaýewiň prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba durmak üçin gyrgyz diliniň synagyndan geçmegine rugsat berilmegini talap etdiler.

26-njy iýulda sud Tekebaýewiň gyrgyz dili boýunça synagdan geçmek hakyndaky arzasyny ret etdi.

Tekebaýew we onuň bilen bilelikde sud edilýän öňki adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministr Duişonkul Hotonow iýun aýynda sud edilipdi we 2010-njy ýylda orsýetli biznesmenden 1 million amerikan dollary möçberinde para almakda aýyplanypdy.

Tekebaýew we Hotonow özlerine garşy öňe sürlen aýyplamalary syýasy matlaply atlandyryp, ret etdiler.

Ata-Meken partiýasy oktýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda 58 ýaşly Tekebaýewe garşy işiň gozgalmagyny ýurtda syýasy garşylyga basyş bilen baglanyşdyrýarlar.

XS
SM
MD
LG