Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek telewideniýesinde Kerimowyň adyna ilkinji tankyt aýdyldy


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew

Özbegistanda ýaňy-ýakynda täze açylan 24 sagatlyk telekanalyň analitika gepleşiginde ýurduň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň adyna tankydy pikir öňe sürüldi.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri Özbegistanyň içinde Kerimowyň syýasatyna degişli edilen ilkinji tankydy pikir 30-njy iýulda öňe sürüldi.

Kerimowyň ady açyk agzalmadyk hem bolsa analitik häzirki prezident Şawkat Mirziýaýewiň “öňki ýolbaşçylygyň [içerki we daşary syýasatdaky] ähli ýalňyşlyklaryny düzetmeli we aradan aýyrmaly” diýdi.

Gepleşigi alyp baryjynyň we analitigiň bellemegine görä, Özbegistanyň “öňki ýolbaşçylygy” goňşular bilen dartgynlylygy döretdi we diňe häzirki ýolbaşçynyň goly astynda ýurt Merkezi Aziýa ýurtlaryna tarap açylýar.

Yslam Kerimowyň ýogalmagynyň yzýany ýurt başyna geçen Mirziýaýew 30 million ilatly uzak wagtlap üzňelikde bolan ýurduň açylmagyna tarap käbir ädimleri ädim başlady.

XS
SM
MD
LG