Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek telekanalynda ilkinji gezek Karimow tankyt edildi


Özbegistanyň owalky prezidenti merhum Islam Karimow.
Özbegistanyň owalky prezidenti merhum Islam Karimow.

30-njy iýulda özbek telekanalynda görkezilen "Tahlilnoma" atly telegepleşikde ýurduň owalky prezidenti merhum Islam Karimow berk tankyt edilipdir. Telegepleşikde aýdylmagyna görä, Karimow "hemişe goňşy ýurtlaryň baştutanlary bilen liderlik statusy üçin bäsleşmegiň aladasynda bolupdyr". Gepleşikde aýdylşyna görä, bu ýagdaý birgiden problemalaryň çolaşmagyna sebäp bolupdyr we häzirki döwürde prezident Şawkat Mirziýaýew olary çözýär.

"Tahlilnoma" telegepleşigiň ilkinji bölümi gije-gündiz habarlar we analizler görkezilýän "Özbegistan 24" atly telekanalda hut häzirki prezident Şawkat Mirziýaýewiň doglan gününde görkezilipdir. Şonda ýurduň owalky prezidenti merhum Islam Karimowa berk tankytlar gönükdirlipdir. Gepleşige gatnaşýanlar Karimow döwründe onuň goýberen säwlikleri sebäpli Özbegistanyň ýüzbe-ýüz bolan problemalarynyň häzirki döwürde täze prezident Mrziýaýew tarapyndan çözülýändigini belläpdirler.

Telegepleşikde Islam Karimowyň ady ýekeje gezegem agzalmandyr, ýöne onuň alyp baran syýasaty "daşlanylýar".

Karimowyň syýasaty netijeside "dargap-tozmak"

"Tahlilnoma" telegepleşiginde jemgyýetiň ähli pudagy, ýagny ykdysadyýetden sosial ugurlara, ruhyýetden oba hojalygyna çenli analiz edilipdir. Gepleşige gatnaşýanlar Islam Karimow döwründe kemçilikleriň bolandygyny we säwlikleriň goýberilendigini öňe sürüp, tankytly çykyş edipdirler.

Telegepleşigiň käbir myhmanlary Karimowyň goýberen säwlikleri sebäpli syýasatda dörän problemalaryň täze prezident tarapyndan çözülýändigini öňe sürüpdir.

"Häkimiýetiň başyna geçen badyna goňşy ýurtlar bilen bolan gatnaşygyň liderlik bäsleşigi däl-de, eýsem aç-açanlyk, birek-birege berk ynanmak arkaly Özbegistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bolan gatnaşygyny gowulandyrmak we ynamdarlykda berkitmek bolup durýandygyny jar etdi. Dogrusyny aýtsak, problemalar, ylaýta-da ençe ýyldan bäri diýseň bulaşan serhet meselesi, birek-birek bilen kejeleşmän, ulumsylyk etmän, gaýtam mylaýym sözler we gije-gündiz yzygiderli çekilen zähmet bilen çözüldi" diýip, gepleşigiň alyp baryjysy aýdýar.

Ýeri gelende bellemeli bolsa, Karimow hökümet başyndaka we onuň aradan çykmagyndan bir ýyl geçýänçä, Özbegistanda onuň syýasatyna hiç hili tankydy nazar gönükdirilmändi. Resmi telekanallar bolsa häzirki güne çenli Islam Karimowy we onuň baştutanlygynda garaşsyz Özbegistanyň ýeten sepgitlerini mahabatlandyrmakdan el çekmeýärdi.

Ýöne "Tahlilnoma" telegepleşiginde, Karimowyň dolandyran döwründe ýurduň ähli ugurlarda krizis bilen ýüzbe-ýüz bolandygy aýan edildi. Telegepleşige gatnaşanlaryň aýtmagyna görä, ýagdaý, täze prezident Şawkat Mirziýaýewiň soňky sekiz aýyň dowamynda amala aşyran reformalary saýasynda gowulanmaga başlapdyr.

"Gara bazar" - masgaraçylyk

"Tahlilnoma" telegepleşiginde Karimowyň walýuta syýasaty sebäpli Özbegistanyň hemmetaraplaýyn tankyda duçar bolandygy bellenýär:

"Ähli baýry ykdysady guramalar Özbegistany berk tankyt etdiler. Olar hut şeýle walýuta syýasaty sebäpli biziň hünärmenlerimizi "iş bilmezlikde" aýypladylar. Häzirki döwürde biziň bu barada aç-açan gürlemegimiz zerurdyr. Şonuň ýaly-da ýene biziň batyrgaýlyk bilen şuny aýtmagymyz gerek: daşary ýurt walýutasynyň "gara bazar" ýaly masgaraçylykly ýagdaýda dört görnüşde bahasynyň bolmagy ykdysadyýetiň ösüşini bökdedi. Ýöne bu problemalar täze prezidentiň başladan reformalary bilen ýuwaş-ýuwaş çözülýär" diýip, "Tahlilnoma" telegepleşigiň alyp baryjy aýdýar.

Şeýle telegepleşik käbir teletomaşaçylary bir tarapdan gazaplandyran bolsa, käbirlerini owalky prezident, merhum Karimowa garşy gönükdirilen tankytlar sebäpli öýkeledipdir.

"Tahlilnoma" telegepleşigine tomaşa eden özbegistanly bir raýat Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna öz garaýşyny şeýle ýazyp iberipdir:

""Özbegistan 24" atly telekanalda "Tahlilnoma" atly bir gepleşik görkezildi. Şonda Karimowyň hemişe goňşylaryndan özüni belentde tutmak islendigi aýdylyp tankyt edildi. Maşgalamyz bilen bu telegepleşige tomaşa edip otyrkak, diýseň biynjalyk bolup, biygtyýar telewizordan hemmämiz daşlaşdyk. Ynha, size gerek bolsa ikiýüzlüleriň syýasaty".

XS
SM
MD
LG