Sepleriň elýeterliligi

Müsür tussag edilen alty sany gazak studentini ýurduna ugratdy


Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Anuar Žainakow, Astana, 1-nji awgust, 2017

Müsüriň häkimiýetleri tussag edilen alty sany gazak studentini ýurtdan çykardy.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Anuar Žainakowyň 2-nji awgustda Facebook sahypasynda ýazmagyna görä, alty student Kairiň halkara aeroportuna eltilip Gazagystana ugradylypdyr.

Žainakowyň aýtmagyna görä, Gazagystanyň ilçihanasynyň resmisi aeroporta baryp studentler bilen duşuşypdyr.

Gazak studentleriniň we gazak resmisiniň suratlarynyň ençemesi Facebookda çap edildi.

Žainakow Müsüriň häkimiýetleriniň gazagystanly studentleri tussag etmeginiň sebäpleriniň henizem nämälim galýandygyny aýtdy.

1-nji awgustda Žainakow Gazagystanyň Müsüriň hökümetine resmi ýüzlenme ýollap, Kairde arap dilini öwrenýän alty gazagystanlynyň 19-njy iýulda tussag edilmeginiň sebäbini sorandygyny mälim edipdi.

Gazagystan soňky ýyllarda özüniň ýüzlerçe raýatynyň Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist toparyň düzümine goşulandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG