Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Önüm köpelmegini goldaýan bolsaňyz, daýhanlara erk beriň!'


Lebaply daýhan dynç alýar.
Lebaply daýhan dynç alýar.

Hormatly prezident Gurbanguly Berdimuhamedow,

Siz 31-nji iýulda welaýat we paýtagt häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirip, oba hojalyk pudagyndaky işleriň barşy bilen gyzyklandyňyz.

Elbetde, bu siziň oba hojalyk pudagyndaky ýagdaý bilen ilkinji gezek gyzyklanyşyňyz däl. Siz 2007-nji ýylda prezident bolalyňyz bäri oba hojalygy barada kän maslahat geçirdiňiz. Emma soňky aýlarda siz argosenagat toplumynyň işi bilen has kän gyzyklanýarsyňyz we bu bizi begendirýär. Sebäbi häzirki ykdysady kynçylyklar sizi hakykatdanam oba hojalygyndaky agyr krizisiň dogry çözgüdine gelmäge ugrukdyrar diýip inçejik umyt edýäris.

Ýadyňyzda bolsa, siz ýaş prezident wagtyňyzda daýhanlaryň problemasyny çözmegi wada berdiňiz. Ýöne, gynansak-da, daýhanlaryň durmuşynda gowulyga tarap üýtgän zat bolmady. Bir üýtgän zat – siz soňky döwürde ekerançylyk ýerlerinden alynýan hasylyň garaşylyşyndan has azdygyny, döwlet öňündäki borçnamalaýyn planlaryň dolmaýandygyny boýun alýarsyňyz.

Ýöne siz bu ýagdaýyň çözgüdini resmilere käýinç bermek, olary işden aýyrmak, täze ýolbaşçylary bellemek bilen taparyn öýdüp, gaty ýalňyşýarsyňyz. Soňky on ýyl käýinçleriň, bir-birinden kompotentsiz kadrlary yzygiderli çalyşmagyň çözgüt däldigini görüp biljege görkezme kemini goýmady.

Biz sizden haýyş edýäris: oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň pesdigini boýun alşyňyz ýaly, ýurtda daýhanyň önüm öndürmegi üçin ýeterlik şert, mümkinçilik döredilmändigini hem boýun alyň!

Metbugatda “argosenagat toplumynyň netijeli ösdürilmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredildi, daýhanlary we kärendeçileri döwlet doly möçberinde ýokary hilli tohum, mineral dökünler, suw, kuwwatly tehnika, hasyl daşamak üçin ulaglar bilen üpjün edýär” diýip, on ýyl bäri ýalan sözlenýär, siz hem bu ýalany gaýtalaýarsyňyz.

Siz 31-nji iýulda “Sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan degişli goldawlar berilse-de, bu ugurda gazanylýan netijeler pes. Munuň sebäbi nämede?” diýip soradyňyz. Siziň bu soragyňyza gönüläp, dogrusyny aýdyp biljek resmi Türkmenistanda ýok. Muny sizem bilýärsiňiz, daýhanlaram bilýär.

Emma hakykatdan, eger soragyňyza göni we anyk jogap almak isleňiz,il içinde size dogrusyny aýtjak daýhanlar bar, ýöne siz olardan hiç zat soramaýarsyňyz.

Türkmenistanda oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alynmazlygynyň esasy sebäbi daýhançylygyň oba adamlary üçin girdejisiz pudaga öwrülmeginden başlanýar. Daýhanlar siziň oba hojalyk syýasatyňyzdan ýyl geçdigiçe kän lapykeç bolýarlar, kärende ýerlerini yzyna tabşyrýanam köpeldi. Ýerini saklaýan bolsa, ‘aý, juda bolmanda malyma gamyş-samyş, suwoty ýygmaga ýer bolar” diýýär. Sebäbi olaryň ýylboýy işläp gazanýan gazanjy bezenmäge däl, ýönekeýje eklenç üçin hem ýeterlik bolmaýar.

Siziň diýýän mümkinçilikleriňiz diňe kagyz ýüzünde, ýurtda korrupsiýa, resmileriň parahorlugy ol şertleri daýhana baryp ýetmänkä ýok edýär.

Üstesine, döwlet hem daýhanlara uly adalatsyzlyk edýär. Ýönekeý mysal, soňky on ýylda azyk önümleri, senagat harytlary, durmuş näçe gymmatlady, emma döwletiň daýhandan önüm satyn alyş nyrhlary şol durşuna galdy. Bu ýagdaýdaky daýhan nädip plan dolsun?

Sowet döwründe real däl pagta planlary esasynda ýerler şorladyldy. Emma garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygy, daýahanlar sowet döwrüniň soňky ýyllaryndakydan has agyr ýagdaýa salyndy, obalaryň ýollary dargady, köprüleri ýykyldy, ozalky gurply hojalyklaryň oba hojalyk tehnikasy, mallary ogurlanyp ýok edildi.

Emma Türkmenistan sowetleriň oba hojalygynda merkezden, ýokardan plan bermek düzgünini saklap galyp, daýhany sowet döwründäki hukuklaryndan, sosial goragyndan hem mahrum etdi.

Eger siz ýerli bazarlar we eksport üçin türkmen önümleriniň köpelmegini hakykatdanam goldaýan bolsaňyz, daýhanlara hususy eýeçilige ýer beriň, azat bazar sistemasynda önüm, baýlyk ýokardan plan we käýinç berlip däl, işlejek adamlara erk berlipdöredilýär.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen, ahally daýhanlaryň bir topary.


Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG