Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sud diňlenişigini täsin tomaşa öwürýän sudýa


Sudýa Frank Kaprio
Sudýa Frank Kaprio

Russiýanyň Snob.ru internet sahypasynyň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň Rod Aýlend Ştatynyň Prowidens şäheriniň sudýasy Frank Kaprio "YouTube" kanalynda uly seslenme döredipdir.

Sudýa Kaprio kazyýet oturylyşyklarynda özüni diýseň täsin alyp barýar, gülýär we kämahal hem hökümiň çykarylmagyny aýyplanýan tarapyň hossarlaryna tabşyrýar. Şeýlelikde, iň agyr işlerden soň hem adamlar kazyýet jaýyndan gowy ruhy ýagdaýda çykyp gidýärler.

Eýýäm 20 ýyldan bäri goýberilýän "Prowidensde ele geçirilen" (Caught in Providence) atly telegepleşigi sudýa Kaprionyň kazyýet oturylyşyklarynda düşürilen wideoşekilleri görkezenden soň meşhurlyk gazanypdyr.

Sudýanyň aýtmagyna görä, mundan 20 ýyl owal onuň inisi agyr depressiýa uçrapdyr. Ol öz wideo kamerasy bilen şäherde bolup geçýän hadysalary surata düşürýän ekeni. Onuň wideoşekillerinde polis işgärleri, mugallymlar, sudýalar we ýangyn söndürýänler göze ilýärdi. Onuň surata düşürýän wideoşekilleriniň belli bir esasy bolmasa-da, diýseň meşhurlyk gazanypdyr.

Sudýa Kapio munuň sebäbini ekranlarda "halk döwletiniň" görkezilmegi bolup durýandygy görnüşinde düşündirýär.

Bir gezek sudýa Kaprionyň aýaly şeýle wideoşekillerde hut öz adamsynyň kazyýet oturylyşygyndaky işleýşiniň hem görkezilmegini teklip edipdir. Şonda şeýle wideoşekiller üçin ýerli telekanalda günde iki sagat wagt berlipdir.

Sudýa Kaprionyň kazyýet oturylyşygyny tapawutlandyrýan esasy ýagdaý bolsa onuň ahyrky kararyň kabul edilmegini aýyplanýan tarapyň çagalaryndan haýyş etmegidir.

Sudýa Kaprionyň aýtmagyna görä, çagalar diýseň adalatly bolýar. Häzire çenli hiç bir çaga öz kakasynyň ýa-da ejesiniň kanuny jogapkärçilikden azat edilmegini islemändir.

Meselem, bir kazyýet işinde bir ýaş ýigide jerime jezasy berilmeli bolupdyr. Sudýa Kaprio öz adatyna görä, sudýanyň kürsüsine aýyplanýanyň 5 ýaşyndaky ogluny çagyrypdyr.

Sudýa şeýle diýipdir: "Ynha, ýagdaý şundan ybarat. Seniň kakaňa 30 dollar jerime-de berip bilerin, 90 dollar-da. Seniň pikriňe görä haýsy has ýerlikli bolar?".

Oglanjyk 30 dollar bolsun diýende, sudýa Kaprio hem sözleriniň üstüni şeýle ýetiripdir: "Sen diýseň adalatly karar berdiň. Emma, gel, bu gün seniň kakaňa merhemetli bolaly. Men oňa 30 dollar jerime berjek. Ýöne kakaň ýene 30 dollar sowmak üçin, seni şähere gezelenje äkitsin..."

Sudýa Kaprio snob.ru internet sahypasynyň sowallaryna jogap beren mahaly, Amerikanyň kazyýet ulgamynyň dünýädäki iň ýagşy ulgamdygyny belläpdir.

Ýogsa-da, şeýle adalatly sudýa Kaprio öýde aýaly bilen öz arasynda bolýan meseleleri nähili çözýärkä?

Sudýa muňa şeýle jogap beripdir: "Şeýle ýagdaýda men töwekgelçilik edýärin. Sebäbi her näme etseňem, ahyrynda ol menden islän zadyny alýar ahbetin".

XS
SM
MD
LG