Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Moskwa garşy sanksiýalar barada 2-nji awgustda gol çeken kanunyny berk ýazgaryp, onuň gatnaşyklaryň gowulanmagyna bolan umydyň soňuna çykýandygyny hem “Orsýet bilen söwda urşuny” tutaşdyrýandygyny aýtdy.
Medwedew Trampyň Kongressde ses köpçüligi bilen goldanan kanuna gol çekmegine hüjüm etdi. Tramp “milli bütewüligi” saklamak isländigini mälim etdi.
“Trampyň administrasiýasy öz ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ygtyýarlygyny kemsidiji görnüşde Kongresse bermek arkaly doly gowşaklygyny görkezdi” diýip, Medwedew aýtdy.
“Amerikan isteblişmenti Trampdan dolulygyna üstün çykdy. Täze sanksiýalar prezidentiň göwnünden turmaýardy, emma ol kanuna gol çekmeli boldy” diýip, Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew belledi.