Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew: ABŞ sanksiýalary gatnaşyklary gowulandyrmak umydyny öçürýär


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew. Arhiw suraty
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew. Arhiw suraty

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 2-nji awgustda sanksiýalar baradaky kanun taslamasyna gol çekmegini berk tankytlap, munuň gatnaşyklary gowulandyrmak baradaky ähli umydy soňlaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol bu ýagdaýyň Russiýa bilen söwda urşunyň turmagyna meçew berýändigini belledi.

"Biziň ABŞ-nyň täze adminstrasiýasy bilen gatnaşyklary gowulandyrmak umydymyz öçdi” diýip,Medwedew Tramp mundan öň garşy bolan kanunyna gol çekeninden soň feýsbukda aýtdy. Tramp ozal bu kanuny “düýpli ýalňyşlyk” diýip atlandyrypdy we sanksiýalary doly durmuşa geçirmezlik ähtimallygyny yşarat edipdi.

Medwedew Trampyň bu kanuna gol çekmek kararyna kongrese baş egmek hökmünde hüjüm etdi, kanun çykaryjylaryň ony aglaba ýagdaýda goldamagy täze kanunyň prezident tarapyndan weto goýulmak, yzyna gaýtarylmak mümkinçiligini azaltdy.

"Tramp adminstrasiýasy öz ýerine ýetiriş ygtyýarlygyny Kongrese iň bir kemsidiji şekilde tabyn etmek bilen, özüniň doly güçýsüzligini görkezdi” diýip, Medwedew aýtdy.

"Ameridan döwlet gurluşy Trampdan doly üstün çykdy. Prezident täze sanksiýalara razy däl, emmabu kanun taslamasyna gol çekmeli boldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Medwedew sanksiýalar baradaky kanun taslamasynyň Orsýeti geçen ýyl ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatyşandygy barada aýdylýanlar, MoskwanyňUkrainadaky we Siriýadaky harby agressiýasy üçin jezalandyrmak maksadyndan ugur alýandygyny, emma Orsýeti diňe güýçlendirjekdigini, sebäbi onuň täze bazarlary we senagatlary döretmäge iterjekdigini belledi.

"Biz öz ykdysadyýetimizi we sosial pudagymyzy ösdürmek üçin asuda işlemegimizi dowam etdireris, importyň ornuny doldurmak bilen meşgullanaryswe möhüm hökümet wezipelerini ozaly özümize bil baglap çözeris” diýip, ol aýtdy. “Soňky birnäçe ýylda biz muny nähili etmelidigini öwrendik.”

Medwedew sanksiýalary kanun bilen berkitmek netijesinde, olar ABŞ-Russiýa gatnaşyklaryny mundan aňryk hem çylşyrymlaşdyrarlar we gelýän ýyllarda bu ýagdaýy düzetmek tasdan mümkin bolmaz diýdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi sanksiýalary “şowakörlük we howply” diýip häsiýetlendirdi we özüniň ABŞ-nyň Orsýetdäki 755 diplomatynyň ýurtdan çykarylmagyndan başga hem garşylykly çäreleri görmek hukugyny özünde galdyrýandygyny aýtdy.

Emma Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Moskwa tarapyndan edil häzir, haýal etmezden, has beter jogapçäreleriniň görülmejekdigini aýtdy.

Şol bir wagtda, Russiýanyň Daşary işler ministrligi özüniň “ABŞ bilen özleri we halkara howpsuzlygy nukdaý nazardan peýdaly bolup görünýän ugurlarda, şol sanda regional konfliktleri ýatyrmakda hyzmatdaşlyga açyk galýandygyny” aýtdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý LawrowABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson bilen duşuşmaly we ol hepde ahyrynda Aziýada bolan sammit mahalynda özüniň şindem Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugur-ýoluny gözleýändigini, sanksiýalar kanunyndan “razy däldigini” aýtdy.

Tramp 2-nji awgustda sanksiýalar baradaky kanun taslamasyna gol çekeninden soň eden beýanatynda onuň “düýpli ýalňyş” bolandygyny we öz adminstrasiýasynyň daşary ýurtly garşydaşlar bilen gepleşik geçirmek ukybyny gowşatjakdygyny belledi.

XS
SM
MD
LG