Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin prezidentlik saýlawlarynda dördünji möhlete dalaş etmek hakynda 'oýlanjakdygyny' aýtdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Tanhoý obasy, Burýatiýa, 4-nji awgust, 2017.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Tanhoý obasy, Burýatiýa, 4-nji awgust, 2017.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 2018-nji ýylyň mart aýyna bellenen prezidentlik saýlawlarynda dördünji möhlete dalaş etmek hakynda “oýlanjakdygyny” aýtdy.

4-nji awgustda Burýatiýa respublikasynda Baýkal kölüniň ýakasynda eden bu çykyşy bilen 64 ýaşly Putin ýerli ýaşaýjynyň “indiki ses berişlikde gaýtadan saýlamak üçin gatnaşmagyňyzy soraýarys” diýip eden wideo çagyryşyna jogap berdi.

2000-nji ýyldan bäri Orsýeti prezident we premýer-ministr hökmünde dolandyran Putiniň dördünji gezek hem prezidentlige dalaş etmegine garaşylýar.

Orsýetde saýlawlara berk gözegçilik edilýär, kimiň gatnaşjagy, merkezi medianyň elýeterliligi we ses berişligiň geçirilişi häkimiýetler tarapyndan kesgitlenýär.

Orsýetiň saýlaw resmileri esasy oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşyp bilmejegini, sebäbi onuň ogurlykda aýyplanyp, sud edilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG