Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalary sese goýar


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong-Un raketa synagynyň rowaçlygyny gutlaýar.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong-Un raketa synagynyň rowaçlygyny gutlaýar.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi şu gün, 5-nji awgustda Demirgazyk Koreýa garşy sanksiýalary güýçlendirmegi sese goýmagy planlaşdyrdy.

BMG-nyň ýokary derejeli diplomatyna salgylanyp habar berilmegine görä, bu sanksiýalar Russiýa, Hytaý tarapyndan hem goldanylyp biler.

Çeşmäniň maglumatyna görä, dokumentiň taslamasy Howpsuzlyk geňeşine anna güni gowuşdy. Onda Demirgazyk Koreýadan kömür, demir, gurşun we deňiz önümlerini almaga gadaganlyk girizmek nazarda tutulýar we bu çäre Phenýany esasy eksport girdejisinden, iki milliard dollardan gowrak serişdeden mahrum eder.

Şeýle-de, demirgazyk koreýaly işçileriň sanynyň BMG-nyň gatnaşyjy ýurtlarynda köpelmegine, KHDR bilen täze kärhana gurmaga, ozalkylary giňeltmägegadaganlyk girizmek nazarda tutulýar.

Rezolýusiýanyň kabul edilmegi üçin ony Howpsuzlyk geňeşiniň 15 agzasyndan azyndan 9 agza goldamaly, hemişelik agzalaryň hiç biri weto goýmaly däl.

XS
SM
MD
LG