Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Russiýa garşy täze sanksiýalaryndan soň Tillerson bilen Lawrow duşuşýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, arhiw suraty
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, arhiw suraty

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 6-njy awgustda Manilada, Filippinlerde geçýän regional sammitiň gapdalyndan gepleşiklere başlady.

Bu ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Moskwany nyşana alýan täze sanksiýalar paketi baradaky kanun taslamasyna göwnemezden gol çekeninden soň guralýan ilkinji duşuşykdyr.

Günorta-gündogar Aziýa döwletleriniň bileleşiginiň (ASEAN) Manilada 6-7-nji awgustda geçýän forumyna gelen iki diplomat ýylgyryp salamlaşdy, emma öz duşuşyklarynyň başynda gysga wagtlyk rugsat berlen žurnalistler üçin suwytly bir zat aýtmady.

Tillerson-da,Lawrow-da täze sanksiýalaryň öz duşuşyklaryna nähili täsir ýetirjegi barada gygyrylyp berlin soragy eşitmezlige saldy.

Tramp 3-nji awgustda twitterde Waşingtonyň “Russiýa bilen gatnaşyklarynyň rekord we howply pese düşendigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG