Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: Biz ABŞ-nyň dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny duýduk


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson, 10-njy maý, 2017.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson, 10-njy maý, 2017.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 6-njy awgustda, ikitaraplaýyn dartgynlyklara we ABŞ-nyň Moskwa garşy girizen täze sanksiýalaryna garamazdan, özüniň amerikan kärdeşiniň Orsýet bilen çylşyrymly meseleler baradaky dialogy dowam etdirmäge taýýardygyna ynanandygyny aýtdy.

"Biz öz ABŞ-ly kärdeşlerimiziň dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny duýduk. Men muňa alternatiwa ýok diýip oýlanýaryn” diýip, Lawrow, öz sözleri bilen aýdylanda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson bilen iň uzak duşuşygyndan soň aýtdy.

Bu duşuşyk Manilada,Günorta-Gündogar Azia döwletleriniň bileleşiginiň regional forumynyň gapdalyndan geçirilýär.

Lawrow metbugata ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukraina gepleşikleri boýunça ýörite wekili Kurt Wolkeriň basym Moskwa ilkinji saparyny amala aşyrjagyny habar berdi.

Lawrow öz wezipesine geçen aý bellenen Wolkeriň Orsýetiň Ukraine boýunça ilçisi Wladislaw Surkow bilen duşuşjakdygyny aýtdy. Wolker özüniň gündogar Ukraina bolan ilkinji saparyny geçen aý amala aşyrdy.

XS
SM
MD
LG