Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň resmileri Kabulda howpsuzlygy güýçlendirýärler


Owganystanyň polisiýa ofiseri barlag-geçiş nokadynda howpsuzlyk gözegçiligini berjaý edýär, Kabul, 6-njy awgust, 2017.
Owganystanyň polisiýa ofiseri barlag-geçiş nokadynda howpsuzlyk gözegçiligini berjaý edýär, Kabul, 6-njy awgust, 2017.

Owganystanyň resmileri tutuş ýurt boýunça amala aşyrylan hüjümlerde ýüzlerçe adamyň wepat bolmagyndan soň, Kabulda daşary ýurt ilçihanalarynyň we hökümet edaralarynyň ýerleşýän ýerinde howpsuzlygy güýçlendirýärler.

Kabulyň polisiýasynyň müdiri Salem Ehsaas şäheriň merkezindäki howpsuzlyk planymyzda “biziň ileri tutýanymyz diplomatik giňişlikleridir” diýip, 6-njy awgustda aýtdy.

BMG-nyň maglumatynda şu ýylyň birinji ýarymynda Owganystanyň paýtagtynda amala aşyrylan hüjümlerde 209 adamyň wepat bolandygy we 777 çemesi adamyň ýaralanandygy aýdylýar. Şol hüjümleriň aglaba bölegini “Talyban” topary öz üstüne aldy.

Täze howpsuzlyk planyna görä, diplomatik zonasyna barýan 42 ýolda 27 sany barlag-geçiş nokady dörediler. Olaryň daşynda partlaýjylary anyklaýan gurallar, howpsuzlyk kameralary oturdylar we ýörite türgenleşdirilen itler ulanylar.

XS
SM
MD
LG