Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson: Orsýetiň saýlawlara gatyşmagy ‘çynlakaý ynamsyzlyk’ döretdi


Tillerson Lawrowa Orsýetiň saýlawlara gatyşmagy ‘çynlakaý ynamsyzlyk’ döretdi diýdi.
Tillerson Lawrowa Orsýetiň saýlawlara gatyşmagy ‘çynlakaý ynamsyzlyk’ döretdi diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen prezidentlik saýlawlaryna Moskwanyň gatyşmagy iki ýurduň arasynda “çynlakaý ynamsyzlyk” döretdi diýip, orsýetli kärdeşine aýdandygyny mälim etdi.

Manila forumynyň çäginde 7-nji awgust güni eden çykyşynda Tillerson Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygynda, saýlawlara gatyşmagyň “çylşyrymly hadysadygyny” nygtandygyny aýtdy.

Ol “bu meseläniň nä derejede düýplüdigini we bu hadysanyň amerikan halky bilen rus halkynyň arasyndaky gatnaşyklara ýiti ýaramaz täsir edendigini, ýagdaýyň çynlakaý ynamsyzlyga ýol açandygyny we munuň hötdesinden gelmek üçin, iki ýurduň hökmany çözgüt tapmaly bolýandygyny” Lawrowa düşündirmäge synanyşandygyny habar berdi.

Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli diplomaty Kremliň Orsýetdäki amerikan diplomatik missiýasyny ýiti çäklendirmek boýunça gelen kararyna öz hökümetiniň gaýtawul bermekde karara gelýändigi barada duýdurandygyny aýtdy. Orsýet Birleşen Ştatlaryň täze sanksiýalaryna gaýtargy hökmünde öz ýurdunda amerikan diplomatik missiýasyny çäklendiripdi.

Ol Lawrowdan Moskwanyň soňky çäklendirmeleri barada “düşündiriş” sorady we Waşingtonyň 1-nji sentýabra çenli agzalýan mesele boýunça jogap gaýtarjakdygyny orsýetli kärdeşine duýdurdy.

Şol bir wagtda-da Tillerson ABŞ-nyň Orsýet bilen işleşmäge isleg bildirýändigini we bu meseleleriň esasynda, ähli gatnaşyklary kesmegiň “peýdaly däldigini” aýtdy.

Tillerson habarçylara: “Biz bilelikde işleşip biljek ugurlarymyzy kesgitlemeli. Oňuşmaýan meselelerimiz boýunça ugur tapmagyň üstünde işlemegi dowam etdirmeli” diýdi.

Ol: “Milli howpsuzlyk bähbitlerimiziň çynlakaý ugurlary boýunça olar bilen işleşmäge isleg bildirmegimiz; ýöne şol bir wagtyň özünde-de iki ýurduň agzyny alardýan, ynha, şu adatdan daşary ynamsyzlyk meselesi bilen başagaýlyk, gatnaşyklarymyzyň diplomatik ugurlary bilen meşgullanýan adamlaryň, ýagny biziň bitirmeli işlerimiz” diýdi.

Şeýle-de, Tillerson Ukraina bilen bagly meselelerde öňe gidişlik gazanmagyň ugurlaryny işläp düzmek boýunça Moskwanyň “belli bir derejede isleg” bildirendigini habarçylara aýtdy.

Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Krym ýarym adasyny ele geçirmegine we seperatistleriň Kiýewe garşy alyp barýan 10 müň adamyň ölümine getiren urşunda ruslaryň seperatisleri goldamagyna jogap hökmünde ABŞ we ÝB Orsýete garşy sanksiýa girizipdi.

Tillerson çaknyşyklar boýunça ylalaşyga gelmek barada Birleşen Ştatlaryň Kurt Wolkeri ýörite wekil belländigini nygtady. Kurt Wolker ýagdaýy seljermek üçin, iýul aýynda Ukraina sapar edipdi.

“Biz Orsýet bilen ylalaşykly hereket etmek, şol bir wagtyň özünde ähli taraplar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin ýörite wekili işe belledik. Bu ähli taraplar üçin doly aç-açanlyk ýagdaýynda iş alnyp barylýandygyny görkezýär. Biz gizlinlikde barlyşmaga synanyşamzok” diýip, Tillerson aýtdy.

Tillersonyň çykyşyndan birnäçe sagat ozal Lawrow iki taraplaýyn dartgynlyklara we täze güýje girizilen sanksiýalara garamazdan, özüniň amerikan kärdeşiniň çylşyrymly meseleler boýunça Orsýet bilen dialogy dowam etmäge taýýardygyna ynanýandygyny mälim etdi.

Lawrow Tilerson bilen uzak wagtlap dowam eden duşuşygyndan soň: “Biz Birleşen Ştatly kärdeşlerimiziň dialogy dowam etmäge isleg bildirýändiklerini duýduk. Meniň pikirimçe, bu başgaça bolubam bilmezdi” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 3-nji awgustda özüniň Twitter hasabynda “Waşingtonyň Orsýet bilen gatnaşygy ähli döwürleriň iň pes we örän howply döwrüni başdan geçirýändigini” aýtdy.

Şeýle kommentariýler Tampyň Moskwa garşy girizilen täze sanksiýalara gol çekmeginiň ertesi gününe gabat geldi. Russiýanyň premýer-ministri Dmitri Medwedow täze sanksiýalaryň öz ýurduna garşy “giň gerimli söwda söweşine” bat berýändigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary ýanwar aýynda öz seljermelerini çap edip, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Birleşen Ştatlarda geçirilen saýlawlara “täsir ediş kampaniýasyna” buýruk berendigini aýtdy. “Täsir ediş kampaniýalarynyň” Birleşen Ştatlaryň saýlawlaryny ynamdan gaçyrmagy, Trampyň demokrat garşydaşy Hillari Klintona zyýan ýetirmegi we Trampa ýardam bermegi göz öňünde tutandygy aýdyldy.

Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti we amerikan kanun çykaryjylary Orsýetiň saýlawlara gatyşdy diýilmegini we Trampyň adamlary bilen orsýetli resmileriň arasynda dildüwşükli gizlin hyzmatdaşlygyň bolup-bolmandygyny seljerýärler. Tankytçylaryň bu mesele boýunça güýçli subutnamalaryň bardygyny aýdýandygyna garamazdan, Orsýet özüniň saýlawlara gatyşandygyny ret edýär. Tramp hem dildüwşükli gizlin hyzmatdaşlygyň bolandygyny ret edýär.

Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň bileleşiginiň (ASEAN) forumynda Tillerson habarçylara, BMG-niň Demirgazyk Koreýa garşy girizen sanksiýalarynyň durmuşa geçirilişini özleriniň ýakyndan synlajakdyklaryny aýtdy we bu rezolýusiýa Phenýana güýçli yşarat bolar diýdi.

6-njy awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi Birleşen Ştatlaryň Demirgazyk Koreýa garşy işläp düzen sanksiýalaryny tassyklady. Demirgazyk Koreýa bu sanksiýalar sebäpli eksport girdejileri boýunça ýylda 1 milliard amerikan dollary möçberinde zyýan çeker.

Tillerson Demirgazyk Koreýa garşy sanksiýalar boýunça Hytaý bilen Orsýetiň beren goldawy Phenýanyň ýadro we ballistik hüjüm programmalaryna halkara jemgyýetçiliginiň jebis garşy çykýandygyny görkezýär we bu ýagdaý Phenýanyň jylawyny çeker diýdi.

Tillerson Birleşen Ştatlaryň Demirgazyk Koreýa bilen gepleşik geçirmek ähtimallygy dogrusynda gapyny aram tutýandygyny, ýöne munuň üçin ilki bilen režimiň BMG-niň ozalky çykaran rezolýusiýasy esasynda gadagan edilen raketa synaglaryny bes etmelidigini nygtap aýtdy.

XS
SM
MD
LG