Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetiň ösüş görkezendigini habar berdi


Hökümet maslahaty, Türkmenistan
Hökümet maslahaty, Türkmenistan

Türkmen hökümeti 2017-nji ýylyň başyndan bäri ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş görkezendigini habar berdi.

4-nji awgustda yglan edilen resmi sanlara görä, ýedi aýyň dowamynda ýurduň umumy içerki önümçiligi 6.4% ösüpdir, öndürilen önümiň möçberi 4,7% artypdyr, bölek satuw haryt dolanyşygy 17.4% artypdyr.

Ýylyň başyndan bäri döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 11,1 milliard manada, çykdajy böleginiň 10,6 milliard manada barabar bolandygy, dürli çeşmelerden özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 28,95 milliard manada ýetendigi habar berildi.

Şeýle-de aýlyklaryň ortaça 9% ýokarlandygy, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda tölenendigi resmi derejede habar berildi.

XS
SM
MD
LG