Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň Ýuwaş okean adasyna zarba urmak haýbatyny atýar


Demirgazyk Koreýanyň döwlet eýeçiligindäki TW-sniň diktory.

Demirgazyk Koreýa 9-njy awgustda ABŞ-nyň Ýuwaş okeandaky Guam adasyna raketa zarbasyny urmak planyny “seresaplyk bilen barlaýandygyny” aýtdy.

Bu sözler ABŞ-nyň prezidenti Donald TrampyňPhenýana islendik haýbatyň “ot-alaw we gazap” bilen garşylanjakdygyny durýdurmagynyň yz ýanyndan aýdyldy.

Demirgazyk Koreýa öz maksadynyň ýadro ýaragly we Birleşen Ştatlara baryp ýetmäge ukyply raketa ýasanmakdan ybaratdygyny aýtdy we özüniň ýadro we raketa programmalaryny togtadyrmaga gönükdirilen halkara sanksiýalaryny ret etdi.

Ortadan uzak aralyga ýetýän strategiki ballistik raketa, lider Kim Jong Un karara gelse, islendik pursatda Guama tarap atylyp biler diýip, Koreýanyň Halk goşunynyň sözçüsi Demirgazygyň döwlet eýeçiligindäki KCNA habar gullugyna beren beýanatynda aýtdy.

Sözçi raketa zarbasynyň ABŞ-nyň Guamdaky “esasy harby bazalaryny nyşana aljakdygyny” aýtdy. Guam Birleşen Ştatlar üçin Aziýa-Ýuwaş okean sebitinde harby missiýa başlamak üçin aýgytly çykyş posty bolup durýar.

Şeýle-de, Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlary özi bilen “öňüni alyş urşuna” taýýarlanmakda aýyplady we munuň “doly urşa aýlanjakdygyny hem-de duşmanlaryň ähli mesgenlerini, şol sanda ABŞ ýurduny ýok etjekdigini” aýtdy.

Guamyň gubernatoryEddi Kalwo Phenýanyň haýbatyny ret edip, adanyň strategiki ýerleşdirilen gorag ulgamlary esasynda, “islendik ýagdaýa taýýar edilendigini” aýtdy.

Kalwo özüniň Ak tam bilenem habarlaşandygyny we 163 müň töweregi ilatly Guamda howp-hatar derejesiniň hiç hili üýtgedilmändigini habar berdi.

Kalwo özüniň wideohabarynda “Guam amerikan topragy... Biz diňe harby berkitme däl” diýdi.

Tramp biraz öň Phenýana Birleşen Ştatlara haýbat atmagyň agyr netijeleriniň boljagyny duýdurdy.

"Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlara indi gaýdyp haýbat atmasa gaty gowy bolar” diýip, Tramp özüniň Birleşen Ştatlaryň Nýu Jersi ştatyndaky golf meýdançasynda žurnalistlere aýtdy. “Olar bu dünýäniň hiç wagt görmedik ot-alawy we gazaby bilen garşy alnar” diýip, Tramp aýtdy.

“Washington Post” gazeti Phenýanyň öz raketalaryna ýerleşjek çaklaňja ýadro ýaragyny öndürendigini habar bereninden soň, Tramp duýduryş çap etdi. Bu öndürilen ýadro ýaragy ýurduň doly güýjündäki ýadro ýaragly döwlete öwrülmegi üçin ädilen esasy ädim bolup durýar.

Ak tam bilen Phenýanyň arasyndaky ritorika Demirgazyk Koreýa iýulda iki sany kontinentara ballistik raketany synag edeninden soň birden gyzdy. Bu Phenýanyň uzak aralyga ýetýän we Birleşen Ştatlaryň islendik künjegini urmaga ukyply raketa edinmek maksadyna ýetmekde düýpli ädim ädendigini görkezýär.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi 5-nji awgustda Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalary girizmegi biragyzdan kabul etdi. Bu sanksiýalar Phenýany öz ýadro programmasyndan el çekmägemejbur etmegi maksat edinýär.

Demirgazyk Koreýa bu sanksiýalaryň öz özygtyýarlylygyny bozanadygyny aýtdy we özüniň “strategiki ýadro güýji bilen” Waşingtona “berk sapak” bermäge taýýardygyny duýdurdy.

“The Washington Post” gazeti 8-nji awgustda ABŞ-nyň aňtaw resmileriniň Demirgazyk Koreýa ballistik raketa, şol sanda kontinentara raketalar arkaly nyşana ýetirilip biljek ýadro ýaraglaryny öndürdi diýip hasaplaýandygny habar berdi.

Bu makala ABŞ-nyň ady aýdylmaýan resmilerine salgylanyp, ABŞ-nyň Goranyş aňtaw agentliginiň gizlin analiziniň geçen aý tamamlanandygyny habar berýär.

Onda Demirgazyk Koreýanyň kiçiräk ýadro ýaragyny üstünlikli synag edilendigi bilinmeýär, ýogsa Demirgazyk Koreýa geçen ýyl şeýle üstünlikli synagy geçirendigini aýtdy diýiýär.

Şeýle-de gazet başga bir aňtaw analiziniň Demirgazyk Koreýa 60-a çenli ýadro ýaragyny edindi diýip hasaplaýandygyny, munuň ozal çak edilişinden has kändigini habar berdi.

Ýaponiýanyň Goranmak ministrligi 8-nji awgustda ýyllyk Ak kagyz hasabatyny çap etdi we onda Demirgazyk Koreýanyň kiçeldilen ýadro ýaragyny we ýadro ýaragly raketa ujuny ýasamagyň hötdesinden gelen bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Demirgazyk Koreýa özüniň ýadro programmasyny we raketa synaglaryny bes etmek baradaky halkara synaglaryna baş galdyrmaýar. Ol özüniň ballistik raketalarynyň goranyş maksatlydygyny we ABŞ-dan abanýan duşmançylygyň garşysyna gönükdirilendigini aýdýar hem-de Birleşen Ştatlary we günorta Koreýany harby maşklary geçirmek bilen, dartgynlyklary ýitileşdirmekde aýyplaýar.

Şu aralykda ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson 9-njy awgustda, Günorta-Gündogar Aziýa saparynyň çäginde Malaýziýanyň resmileri bilen gepleşik geçirdi. Bu gepleşiklerde ýaranlaryň Demirgazyk Koreýa onuň ýadro programmasy babatda basyş görkezmeginiň maslahaty edilýär.

Tillerson Tramp adminstrasiýasynyň Malaýziýa sapar eden ilkinji uly resmisidir, ol ýurduň premýer-ministri Najib Razak we onuň orunbasary Zahid Hamidi bilen ýapyk gapylaryň aňyrsynda gepleşdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG