Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şarif wezipeden çetleşdirilmegini 'ses berijilere zarba' diýip atlandyrdy


Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarifiň tarapdarlarynyň geçiren ýörişi
Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarifiň tarapdarlarynyň geçiren ýörişi

Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarif 9-njy awgustda Rawalpindide geçirilen ýörişde eden çykyşynda, özüniň yglan edilmedik girdejileri sebäpli wezipeden çetleşdirilmegi hakynda Baş suduň geçen aýda çykaran kararynyň “ses berijilere zarba” urýandygyny aýtdy.

Şarif bu çykyşy bilen suduň karyny ilkinji gezek köpçüligiň öňünde kommentirledi. Şarif ýurtda syýasy täsiriniň gowşamandygyny görkezmek üçin Yslamabatdan öz dogduk regiony Lahora ýöriş geçirýär.

“Maňa üçünji wezipe möhletimi tamamlamaga mümkinçilik berilmedi” diýip, Şarif aýtdy.

Şarif öz tarapdarlaryny “kanunyň hökmurowanlygy” üçin aýaga galmaga çagyrdy we 70 ýyllyk taryhynda möhletiň ýarysy çemesini harbylaryň dolandyrmagyndaky ýurtda saýlanan hökümet baştutanlaryndan hiç biriniň öz wezipesinde möhleti gutarýança saklanmandygynyň sebäpleri barada diskussiýa geçirmegi isleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG