Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda güýçli partlama zerarly azyndan üç adam wepat boldy


Pakistanyň Owganystan bilen serhedinde Bajaur tire-taýpalar regiony
Pakistanyň Owganystan bilen serhedinde Bajaur tire-taýpalar regiony

Pakistanyň Owganystan bilen serhedinde Bajaur tire-taýpalar regionynda bolan güýçli partlama zerarly azyndan üç adam wepat boldy, diýip ýurt resmileri aýdýarlar.

11-nji awgustda Bajaur regionynyň Çar Mang etrabynda bolan partlamada, şeýle-de 25 adam ýaralandy diýip, regionyň hökümet resmisi Aslam Han aýtdy.

Regionyň administrasiýasynyň beýanatyna görä, partlama ýolda goýlan bombanyň herekete getirilmeginiň netijesinde döräpdir. Onuň jogapkärçiligini hiç kim boýun almady, emma başda peýda bolan maglumatlarda bombanyň uzakdan herekete getirilendigi habar berildi.

Bajaur Pakistanyň Owganystan bilen dartgynly serhedinde ýerleşýän we Federal derejesinde dolandyrylýan tire-taýpalar regionynyň düzümine girýän ýedi sany giňişligiň biri.

Bu region “Talybanyň” we beýleki ekstremist toparlaryň söweşijileriniň galasy hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG