Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Prokurorlar Tekebaýewiň 10 ýyl türmä höküm edilmegini soraýarlar


Omurbek Tekebaýew, 11-nji awgust, 2017.
Omurbek Tekebaýew, 11-nji awgust, 2017.

Gyrgyzystanyň döwlet prokurory oppozision syýasy partiýanyň lideri Omurbek Tekebaýewi para almakda aýyplap gozgalan syýasy matlaply iş boýunça ony 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi sorady.

Şeýle-de, 10-njy awgustda prokuror sudýadan Tekebaýew bilen bilelikde sud edilýän öňki adatdan daşary meseleler boýunça ministr Duişonkul Hotonowy sekiz ýyl türmä höküm etmegi sorady.

Prokurorlar aýyplanýan syýasatçylaryň ikisiniň emlägini elinden almagy we olaryň türmeden boşadylmagyndan soň üç ýylyň dowamynda hökümet wezipelerine bellenmegini gadagan etmegi soradylar.

Tekebaýew we Hotonow 2010-njy ýylda orsýetli biznesmenden 1 million dollar möçberinde para almakda aýyplanýarlar. Şol döwürde Tekebaýew Gyrgyzystanyň premýer-ministri bolupdy.

Tekebaýewiň “Ata-Meken” partiýasy gozgalan işi syýasy matlaply atlandyrýar we hökümetiň oktýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňýanynda syýasy garşylygy basyp ýatyrmak hem Tekebaýewi syýasy bäsdeşlikden çetde saklamak isleýändigini çak edýär.

XS
SM
MD
LG